
05/03/2025
327
DÜNÝÄ BEZEGI-ZENANLAR
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir günimiz toý baýramlara
beslenýär. Şol baýramlaryň biri hem Halkara zenanlar güni bolup durýar. Bu
baýramçylyk mynasybetli zenanlara pul sowgadynyň berilmegi hem-de köp çagaly
enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi,
hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň
berilmegi bu günki gün ýurdumyzda gelin-gyzlara ýatdan çykmajak sowgat bolýar.
Halkara zenanlar gününiniň taryhyna ser salanymyzda, her ýyl baýram etmek
baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara
Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek
1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji
ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň,
Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň,
Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk
hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.
Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda
belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyr. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan
tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy»,
«Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan
serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen,
«Gözellik şasy» Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany
esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly
Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy
Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn,
Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary
Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri
hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz
döwründe bitiren beýik işleri barada nygtaman geçmek mümkin däl.
Täze taryhy eýýamyň işjeň döredijileri bolup durýan zenanlar sebit we
ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ähmiýetli orny
eýeleýärler. Häzirki döwürde syýasy erke eýe bolan, ykdysady taýdan
garaşsyz zenanlar jemgyýetiň oňyn özgerdiji güýjüne öwrülýärler we olar ähli
ugurlarda uly hormatdan peýdalanýarlar. Türkmenistan halkara düzümler
bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de gender syýasatynda umumy ykrar
edilen ülňüleriň mundan beýläk-de öňe ilerledilmeginde ýokary netijeleriň
gazanylmagyna ýardam berýär.
Zenanlara şeýle uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman
Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan
tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Maral ORAZGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.