
05/03/2025
328
DÜNÝÄ BEZEGI-ZENANLAR
Berkarar döwletiñ täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda her bir günimiz toý baýramlara beslenýär. Şol baýramlaryň biri hem Halkara zenanlar güni bolup durýar. Bu baýramçylyk mynasybetli zenanlara pul sowgadynyň berilmegi hem-de köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekmegi, hormatly adyň nyşanlarynyň, şeýle hem köp çagaly maşgalalara täze öýleriň berilmegi bu günki gün ýurdumyzda gelin-gyzlara ýatdan çykmajak sowgat bolýar.
Halkara zenanlar gününiniň taryhyna ser salanymyzda, her ýyl baýram etmek baradaky karar 1910-njy ýylda aýallaryň Kopengagende geçen 2-nji Halkara Konferensiýasynda Klara Setkiniň teklibi boýunça kabul edilýär. Ol ilkinji gezek 1911-nji ýylda Germaniýada, Awstraliýada, Şweýsariýada we Daniýada, 1913-nji ýylda Russiýada geçirilýär. 8-nji mart baýramçylyk däbi Awstriýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Niderlandlaryň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Şweýsariýanyň we başga ýurtlaryň aýallarynyň hut şol güni baýramçylyk hökmünde belläp geçmeklerinden soň pugtalanýar.
Türkmen milletiniň bäş müň ýyldan hem aňyrdan gaýdýan taryhynda belli zenan şahsyýetler öçmejek yz galdyrypdyr. Ajaýyp heýkeli Nusaýdan tapylan, Parfiýanyň patyşasy Mitridatyň gyzy Rodoguna, «Güneşiň gyzy», «Asman şalygynyň gyzy» ýaly dabaraly atlar bilen tarypy ýetirilen zenan serkerde Zarina, watansöýüjiligidir mertligi dilleriň senasyna öwrülen, «Gözellik şasy» Tumar şa, Gündogarda ilkinji ylmy akademiýany esaslandyran halyf Al-Mamunyň käbesi Merjen hatyn, Togrul soltanyň aýaly Altynjan hatyn, Beýik Seljuklar döwletiniň soltany Mälik şanyň gyzy Mahmelek hatyn, Soltan Jelaleddin Meňguberdiniň aýaly Melike hatyn, Gutlug Temiriň aýaly Törebeg hanym, Seljuk soltany Gylyç Arslanyň gyzlary Melike Seljuk hatyn we Göwher Nesibe hatyn, söz mülküniň melikeleri hasaplanan Mahesti, Menije we Mähri hatyn ýaly meşhur zenanlaryň öz döwründe bitiren beýik işleri barada nygtaman geçmek mümkin däl.
Täze taryhy eýýamyň işjeň döredijileri bolup durýan zenanlar sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde ähmiýetli orny eýeleýärler. Häzirki döwürde syýasy erke eýe bolan, ykdysady taýdan garaşsyz zenanlar jemgyýetiň oňyn özgerdiji güýjüne öwrülýärler we olar ähli ugurlarda uly hormatdan peýdalanýarlar. Türkmenistan halkara düzümler bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de gender syýasatynda umumy ykrar edilen ülňüleriň mundan beýläk-de öňe ilerledilmeginde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär.
Zenanlara şeýle uly hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Maral ORAZGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.