30/11/-0001
834
Dostlukly hyzmatdaşlygyň kepili
2022-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkezinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepowyň hem-de institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagy Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik tejribesine hem-de Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan köpugurly işlere bagyşlandy.
Hormatly Ilçi Berdimyrat Rejepow okuw sapagynyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ýaly meseleler dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Şeýle-de türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda uly tagallalaryň yzygiderli alnyp barylýandygy, şu ýylda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolan Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň dolandygy nygtaldy.
Geçirilen okuw sapagy talyplaryň bu ugurda alan bilimlerini has-da kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.