Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Dost-doganlygyň nyşany
    Dost-doganlygyň nyşany
    Dost-doganlygyň nyşany
    05/07/2024

    904

    Dost-doganlygyň nyşany

    Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy daşary döwletlerde hem belentde tutulýar. Beýik şahyrymyzyň goşgularynyň dünýä alymlary tarapyndan öwrenilmegi, birnäçe dillere terjime edilmegi, şeýle-de dostlukly döwletlerde heýkelleriniň oturdylmagy aýratyn bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitiniň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Astanada gurlan ýadygärliginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy buýsançly taryhy wakalaryň hataryndan orun aldy. Munuň özi iki doganlyk halkyň medeni we ruhy gatnaşyklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
    Milli Liderimiz açylyş dabarasynda eden çykyşynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagynyň dost-doganlygymyzyň ebedidigini hem-de mizemezdigini görkezýändigini aýtdy. Şunda golaýda Aşgabadyň ajaýyp künjeginde, gojaman Köpetdagyň eteginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik söz ussadynyň ýadygärliginiň, şeýle-de dünýäniň onlarça ýurdunyň görnükli şahsyýetleriniň heýkelleriniň açylyş dabarasynyň geçirilendigine aýratyn üns çekildi.
    Dana Magtymgulynyň heýkeli şäheriň merkezinde, Turan köçesiniň ugrunda dikeldildi. Ýadygärligiň beýikligi 8,5 metre golaý bolup, Magtymguly Pyragynyň keşbi döredijilik bilen meşgullanýan ýaly görnüşde şekillendirilipdir. Ýadygärligiň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir. Dabara gatnaşyjylara Türkmenistanda gazak dilinde neşir edilen, Aşgabatda açylan täze «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna bagyşlanan kitapçanyň gowşurylandygy bellärliklidir.
    Bilşimiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň geljek nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrüldi. Dostlukly döwletde beýik akyldaryň heýkeliniň açylmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň, birek-birege hormat goýlup, ata-babalarymyzyň gymmatly wesýetleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

    Bakydurdy GARAÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI