Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi bilen Erkin Söwda Zolaklarynyň Sekretariatynyň Medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň arasynda geçirilen duşuşyk
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • Parahatçylyk we ösüş üçin bütindünýä ylymlar güni
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • ÝUNESKO 15-nji dekabry — Türki diller maşgalasynyň Bütindünýä güni hökmünde yglan etdi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • HALYPA DIPLOMAT BILEN ÝOKARY SYNP OKUWÇYLARYŇ ARASYNDA GEÇEN TÄSIRLI DUŞUŞYK
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY» ATLY AKYL-PAÝHAS BÄSLEŞIGINIŇ V MÖWSÜMINE BADALGA BERILDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Diplomatiýa we bilim: talyplaryň Maşatdaky tejribeliginden
    Diplomatiýa we bilim: talyplaryň  Maşatdaky tejribeliginden surady
    29/09/2025

    830

    Diplomatiýa we bilim: talyplaryň Maşatdaky tejribeliginden

    Meşhur pars alymy we akyldary Awisenna: «Amalsyz bilim miwesiz agaç ýalydyr» diýip belleýär. Bu sözler biziň – Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarymyzda geçýän önümçilik tejribeliginiň manysyny dolulygyna açyp görkezýär.

    Güýz möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap, bize Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherinde ýerleşýän Baş konsullygynda önümçilik tejribeligini geçmek miýesser etdi. Tejribelik noýabr aýynyň ahyryna çenli dowam eder. Şu wagtdan bir hakyky ynam bilen aýdyp bileris: bu ýerde geçirilen her gün nazary bilimlerimizi hakyky diplomatik iş bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän gymmatly sapakdyr.

    Baş konsullyk Eýranda ýaşaýan we bolýan watandaşlarymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Tejribeligiň ilkinji günlerinden başlap, biz konsullyk işiniň diňe resminamalar we düzgünler bilen çäklenmän, ilkinji nobatda, adamlara üns bermekden, olaryň wajyp meselelerini çözmekden, kyn ýagdaýlarda goldaw bermekden ybaratdygyna düşündik.

    Konsullygyň işgärler toparyny aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde her bir işgär talyplar bilen tejribesini paýlaşmaga we goldaw bermäge hemişe taýýar. Hoşniýetlilik we halypalyk ruhy talyplara aýratyn ynam we rahatlyk duýgusyny döredýär.

    Maşat şäheri Eýranyň demirgazyk-gündogarynyň ýüregi we Horasan-Rezawi welaýatynyň ruhy paýtagty hasaplanýar. Ol Türkmenistanyň serhedinden bary-ýogy 75 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Maşat 3,5 milliondan gowrak ilaty bilen Eýranyň ikinji uly şäheridir.

    Şäher Eýranyň ruhy we medeni merkezi hökmünde giňden tanalýar. Bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden zyýaratçylar gelýän Ymam Reza mazary ýerleşýär. Biz muzeýlere, seýilgählerdir bazarlara-da baryp gördük, bu ýerlerde şäheriň hakyky durmuşyny synlap bolýar. Bu gezelençler bize myhman ýurdumyzyň adamlaryny, däplerini we medeniýetini has çuň düşünmäge mümkinçilik berýär.

    Ýerli medeniýet aýratyn täsir galdyrýar. Eýranlylar myhmansöýerligi, açyk ýürekli bolmagy bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Ýerli halkyň myhmansöýerligi öýde hödürlenýän çaý-çörekde hem, köçelerde bir-birege aýdylýan mylaýym sözlerde-de duýulýar.

    Tejribeligimiz heniz dowam edýär, ýöne bu başdan geçirmäniň biziň hünär we şahsy ösüşimizde möhüm menzil boljakdygyny eýýäm duýýarys. Her bir günümiz oňyn täsirli wakalara baý bolup geçýär. Şol täsirler hem biziň ýüreklerimizde ömürlik möhürlener.

    Türkmen ýaşlaryna dünýä ýurtlarynda tejribe geçmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işlerine hemişe rowaçlyklar ýar bolsun!


    Bereket Öwezgeldiýew,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE surady

    13/11/2025

    ARKADAG CITY – TURKMENISTAN’S VISION OF A SMART AND SUSTAINABLE FUTURE
    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ surady

    12/11/2025

    НОВЫЙ ВЕКТОР ИНТЕГРАЦИИ ЦЕНТРАЛЬНОЙ И ЮЖНОЙ АЗИИ
    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION surady

    12/11/2025

    THIRTY YEARS OF TURKMENISTAN’S NEUTRALITY AS A FOUNDATION FOR GLOBAL DIALOGUE AND COOPERATION
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI