143
«DIPLOMATIÝA — SUNGAT» ATLY YLMY SEMINAR GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli «Diplomatiýa — sungat» atly ylmy seminar geçirildi. Ylmy seminara institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar, şeýle hem Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Sapargeldiýewna Ezimowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny kesgitläp berendiklerini aýtdy we ylmy taýdan esaslandyrylan täze adalgalaryň many-mazmunyny açyp görkezdi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda institutda diplomatiýanyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkeziniň açylmagynyň talyp ýaşlar üçin ähmiýetiniň ulydygyny belledi.
Ylmy seminar turuwbaşdan işjeň häsiýete mahsus boldy we talyplaryň çykyşlary üns bilen diňlenildi. Seminaryň dowamynda çykyş edenler diplomatiýanyň taryhy, hukuk esaslary, Bitarap Türkmenistanyň halkara gatnaşyklary ulgamynda nusgalyk tejribesi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary, Parlament diplomatiýasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň döredilmeginiň ähmiýeti dogrusynda gürrüň etdiler.
Ylmy seminaryň ahyrynda oňa gatnaşanlar sorag-jogap alyşdylar.
Baýnazar BAÝHANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň I ýyl talyby.