Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Diplomatiýa döredijilikli işmi?
    Diplomatiýa döredijilikli işmi? surady
    10/07/2024

    1092

    Diplomatiýa döredijilikli işmi?

    Türkmen diplomatiýasynyň nazaryýetiniň we amalyýetiniň dürli meselelerine bagyşlap ýazan ýazgylarymyň birinde men BMG-niň BA-nyň sessiýalaryna gatnaşýan döwletleriň wekiliýetleriniň öz daşary syýasy edaralaryndan alýan görkezmelerine laýyklykda, olaryň BMG-niň BA-nyň sessiýasynyň Gün tertibindäki meseleler boýunça kararlaryň we rezolýusiýalaryň kabul edilmegine gatnaşýandyklaryny, umuman, merkezden gelýän görkezmeleri ýerine ýetirmekligiň wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň ilkinji gulluk borjy bolup durýandygyny nygtap geçipdim. Munuň bolsa, öz gezeginde, diplomatyň wezipesi diňe merkezden alynýan görkezmeleri ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýarmyka ýa-da diplomatiýa döredijilik başlangyçlary mahsus dälmikä diýen ýaly soraglary döretmegi ahmaldyr.
    Bolup biläýjek şeýle sowallara jogap hökmünde, ozaly bilen, özümiň hemişe diplomatyň diňe bir görkezmeleri ýerine ýetiriji gullukçy däl-de, eýsem, onuň döredijilikli işgär bolup durýandygy baradaky ynanjymdan gelip çykandygyny belläp geçmekçi. Munuň özi, elbetde, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň merkezden ýollanýan görkezmeleri, adaty diplomatlaryň bolsa, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň görkezmelerini ýerine ýetirmekleriniň hökmany bolup durýandygyny aradan aýyrmaýar.
    Şunlukda, meniň şahsy tejribäm diplomatiýa işiniň döredijilik başlangyçlaryna örän baýdygyndan habar berýär. Hatda merkezden diplomatik wekilhanalara ýollanýan görkezmeler hem kähalatlarda şahsy görelde üçin ýeterlik mümkinçilikleri döredýärler. Üstesine-de, daşary syýasy iş diňe bir diplomatyň däl, eýsem, diplomatlaryň bilelikdäki zähmetini özünde jemleýändir we jemlemelidir.
    Sowet Soýuzynyň we Türkmenistanyň diplomatik gulluklarynda ýokary ýolbaşçy wezipelerde işlemek bilen, men özümiň ýolbaşçylygymda işlän diplomatlar üçin mümkin boldugyça gowy döredijilik şertlerini döretmäge hemişe uly üns berendigimi belläp geçmekçi. Sebäbi men diplomatlar üçin kanagatlanarly döredijilik ýagdaýynyň döredilmegini olaryň öndürijilikli işini üpjün edýän, ussatlyklarynyň ýokarlanmagyna degerli ýardam berýän, ahyrky netijede bolsa, amaly diplomatiýanyň netijeliligini yzygiderli artdyrýan esasy serişde hasap edipdim we häzir hem men şol pikirde.
    Hut şonuň üçin hem men 1970 — 80-nji ýyllarda respublikamyzyň Daşary işler ministrliginde ýokary ýolbaşçy wezipelerde işlemek bilen, ministrligiň bölümlerinde, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soňky döwürde bolsa, özümiň olara ýolbaşçylyk eden ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda diplomatlaryň alyp baran işleri bilen bagly meseleler boýunça ýygy-ýygydan ara alyp maslahatlaşmalary gurapdym, şeýle hem ministrligimiziň, diplomatik wekilhanalarymyzyň ýolbaşçysy hökmünde döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň maksadaokgunly işlenip taýýarlanylmagyna hemişe işjeň gatnaşmaga çalşypdym.
    Amaly diplomatiýanyň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak — munuň özi döredijilikli diplomatik işiň netijesi. Ylym hem medeniýetiň iň möhüm bölegidir we adamzadyň döredijilik zehininiň iň ýokary ýüze çykmalaryndan biridir. Şu jähetden, ýurdumyzyň amaly diplomatiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem halkara gatnaşyklaryň düýpli meselelerini ylmy taýdan işläp taýýarlamak — bular daşary syýasatyň we diplomatiýanyň çylşyrymly we deň bahaly iki ugry, döredijiligiň esasy çeşmeleri bolmak bilen, daşary syýasaty yzygiderli we ýokary hilde amala aşyrmagyň esasy şertleridir.
    Şunlukda, janly, erkin döredijilik, täze bilimler, başlangyçlar, täzeçe çemeleşmeler bolmasa, biziň geljekki diplomatymyza XXI asyryň hakykatyna dogry we doly düşünmek örän kyn bolardy. Şonuň üçin hem geljekki diplomatlary taýýarlamakda biziň esasy ünsümiz diplomatlarymyzyň dünýäniň täze geosyýasy ýagdaýyna we onda Bitarap Türkmenistanyň ornuna, ykdysady diplomatiýanyň artýan ähmiýetine, iň täze habar tehnologiýalarynyň amaly diplomatiýanyň işine çekilmeginiň möhümligine gowy düşünmeklerini gazanmakda bolmalydyr.

    Amangeldi Rahmanow,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, 
    Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi,
    Türkmenistanyň ussat diplomaty, professor,
    taryh ylymlarynyň doktory, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: «Ýaş diplomatyň sesi» № 20 (103) 2024-nji ýylyň 10-njy iýuly
    //https://www.iirmfa.edu.tm/tm/gazet/yas-diplomatyn-sesi-internet-gazeti-20-103-090724_3765

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI