02/09/2024
772
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň üçünji tapgyry başlandy
2024-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň üçünji tapgyryna badalga berildi.
Mälim bolşy ýaly, diplomatik protokol Hökümet, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň hereket etmegi Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrýar. Bu ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň şu ýylyň 18-nji fewralynda — Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününde dabaraly ýagdaýda açylandygyny bellemek gerek.
Ýeri gelende bellesek, 2024-nji ýylyň 1-nji martynda bu ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň ilkinji tapgyryna badalga berildi. Oňa gatnaşyjylar iki aýyň dowamynda daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, milli diplomatik gullugyň wekilleriniň, halypa diplomatlarymyzyň ylmy hem-de köpýyllyk tejribä esaslanýan sapaklaryny geçdiler. Tomusky tapgyrda hem daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklarynda berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumy öwredildi. Munuň özi parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýüze çykýan meseleleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň, ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guraly hasaplanýan diplomatiýanyň häzirki zaman dünýäsinde möhüm orna eýedigini, şunuň bilen baglylykda bolsa, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň aýratyn ähmiýete eýedigini aýdyň görkezýär.
«Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň üçünji tapgyrynda gysga möhletli okuwlara girişen hünärmenlere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýörite şahadatnamalary gowşurylar. Olar ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.