
02/12/2024
1091
“Dialog – parahatçylygyň kepili: döwrebap garaýyş” atly referat bäsleşiginiñ jemi jemlendi
2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň 2024-2025-nji okuw ýylynyň dowamynda döredijilik, okuw we ylmy işleriniň iş meýilnamasynyň çäginde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Dialog – parahatçylygyň kepili: döwrebap garaýyş” temasy boýunça talyplaryň we Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary bolan mekdep okuwçylarynyň arasynda referat ýazmak bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşigiň esasy maksady: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygary halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň dilleriniň senasyna, köňülleriniň owazyna öwrüldi. Referat bäsleşiginiň geçirilmeginiň esasy maksady, talyp ýaşlaryň we mekdep okuwçylarynyň watansöýüjilik duýgularyny ösdürmek, hemişelik Bitaraplygyň gymmatyna düşünmek arkaly pikiriňi beýan etmeklik ukybyny ösdürmekden ybarat bolup durýar.
Şeýlelikde, bäsleşigiñ talaplaryna we şertlerine laýyklykda, mekdep okuwçylarynyñ arasynda Ynsançylyk ugruny we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniñ 11-nji synp okuwçysy Merjen Orazmämmedowa I orna, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebiniñ 12-nji synp okuwçysy Merjen Gaýypowa II orna, şeýle hem, Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik mekdebiniñ 10-njy synp okuwçysy Söýli Ýakubowa, Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniñ 12-nji synp okuwçysy Şyhyýew Ylýas III orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde talyplaryñ arasynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ I ýyl talyby Bike Annaýewa I orna, Halkara gatnaşyklary fakultetiniñ II ýyl talyby Sahydöwlet Hümmetjumaýew II orna, şeýle hem Halkara žurnalistikasy fakultetiniñ Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniñ II ýyl talyby Laçyn Mätjaýewa III orna mynasyp boldular.
Ýeñijiler Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.
Şyhdurdy ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyñ
Halkara gatnaşyklary fakultetiniñ II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

30/04/2025
“AÇYK GAPYLAR” GÜNI GEÇIRILDI