Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
    Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni surady
    05/06/2025

    116

    Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ähli ulgamlar bilen bir hatarda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigatymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak bilen bagly wajyp wezipeleri hemişe üns merkezinde saklaýar.
    Bilşimiz ýaly, 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen BMG-niň daşky gurşaw boýunça maslahatynda, 5-nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Biziň ýurdumyzda hem bu baýramçylyk 2008-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde giňden bellenilip gelinýär. Bu ajaýyp sene, her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine gorap saklamaga tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr.
    Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni yglan edilen güninden bäri köp ýurtlarda bellenilýär. Munuň özi her bir adamyň ýaşaýan dünýämiziň ekologik ýagdaýy üçin jogapkärçiligi, tebigata aýawly garamagyň zerurdygy barada pikirlenmäge, şeýle hem geljekki nesilleriň bähbidine onuň gözelligini we baýlyklaryny gorap saklamak işine gatnaşmaga mümkinçilikdir.
    Ýurdumyz boýunça tebigaty goramak meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly konferensiýalar, tegelek stollar, ilatyň ekologik düşünjelerini ýokarlandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeginde daşky gurşawy aýawly saklamaklyga, halkyň saglygyny berkitmeklige gönükdirilen birnäçe çäreler durmuşa geçirildi. Türkmenistanda tokaý we ýaşyl zolaklary döretmeklige uly orun berilýär. Häzirki wagtda şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň, “Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagyny öň töwereklerinde millionlarça saýaly we pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagy muňa aýdyň mysaldyr. 
    Daşky gurşawy we onuň tebigy baýlyklaryny goramaga degişli ýurdumyzda täze kanunlaryň tutuş toplumy kabul edildi. Şol kanunlar halkyň ykdysady we durmuş abadançylygyny üpjün etmäge, daşky gurşawa we ýurduň tebigy baýlyklaryna aýawly garamagy ýola goýmaga gönükdirilendir. Olar “uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Türkmenistanyň tokaý kodeksi”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Ýerasty baýlyklar hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda”, “Galyndylar hakynda” we beýleki kanunlardyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda hem «Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr» diýip bellenilmegi bolsa, ekologiýa abadançylygyny gorap saklamakda we tebigata aýawly çemeleşmekde, ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň möhüm ugrudygyny mälim edýär.
    Biziň ata-babalarymyz gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly ulanmagy geçmişde öwrenipdirler we bu baradaky däpler hem pähimleri biziň günlerimize ýetiripdirler. Olaryň ählisinde tygşytlylyk, kanagatlylyk we ertirki  günüň aladasy ýaly tüýs türkmen durmuşyna mahsus meýiller duýulýar. Adam üçin derwaýys baýlyklarynyň biri-de topragy, suwy aýawly peýdalanmaga uly üns berendigine “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň ýüz sür”, “Suw hasyllygyň özenidir” diýen pähimler hem şaýatlyk edýär. Daşky gurşawy onuň tebigy baýlyklaryny goramaga degişli başga-da, birentek däp-dessurlar asylly pähimler bar. Türkmenistanyň döwleti Hazar deňziniň hapalanmagynyň öňüni almak, onuň biologiki dürlüligini gorap saklamak, ony tygşytly peýdalanmak we köpeltmek maksady bilen Hazarýaka döwletler hem-de halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Hazarýaka döwletleriň tagallalary bilen 1998-nji ýylda Hazar ekologik maksatnamasy işlenip düzüldi we ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. 
    Adamlar tebigat bilen ysnyşykly gatnaşykda ýaşap gelýärler. Mälim bolşy ýaly ösümlikdir haýwanlaryň ýaşaýşy diňe bir tebigy şertlere bagly bolman, eýsem adama we onuň işewirligine hem baglydyr. Adam olara elmydama aýawly göz bilen garamalydyr. Ülkämiziň tebigy baýlyklaryny goramak we köpeltmek, gözüňi dokundyrýan gözelligi indiki döwürlere, nesillere ýetirmek Watanymyzyň her bir raýatynyň borjudyr. Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşky gurşawy goramak meselesi barada edýän ýadawsyz aladasy we goldawy bilen ene topragymyzyň tebigy baýlyklaryny ygtybarly gorap saklamaklyga we olary köpeltmäge güýçli itergi berýär.

    Durdymyrat ŞYHMYRADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI