970
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni – möhüm sene
Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni her ýylyň 5-nji iýunynda bellenilýär. Bu sene BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1972-nji ýylda esaslandyryldy. Şondan bäri ol BMG-niň düzümindäki ähli ýurtlarda we guramalarda giňden bellenilýär.
Her ýyl däp bolşy ýaly, ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ugrunda düýpli çäreler, ýowarlar we bag ekiş dabaralary geçirilýär. Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen 15 günlük daşky gurşaw çäresi munuň aýdyň mysalydyr. Şu ekologiýa çäresiniň barşynda şäherimizde abadançylyk işleri geçirildi we birnäçe agaç nahallary ekildi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy bilen ýurdymyzda welosiped sürmek däbi hem ýola goýuldy. Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýänler ýollara çykýarlar. Welosiped ýörişleriniň esasy maksady hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir.
Bütindünýä daşky gurşaw güni ekologlaryň, we daşky gurşaw guramalarynyň, her bir adamyň ünsüni daşky gurşaw meselelerine çekmäge gönükdirilendir.
Aknur ALLABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI