30/11/-0001
877
Daşary söwda dolanyşygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan ylmy maslahat
2021-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary söwda dolanyşygynyň mümkinçiliklerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakulteti tarapyndan guralan bu maslahata ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň wekilleri, “Ýaş ykdysatçylar” ylmy gurnagynyň agzalary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň agzasy Şamämmet Annaýew, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we beýlekiler çykyş edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň hususy pudagy ösdürmek babatda alyp barýan syýasatynyň durmuşa üstünlikli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň täze belent sepgitlere çykandygyny nygtap aýtdylar. Çykyş edenler şeýle hem “Türkmenistanyň 2021–2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynyň” tassyklanylmagynyň, “Eksport-import amallary üçin “bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topary döretmek hakyndaky” Karara gol çekilmeginiň ýurdumyzda işewürligi goldamak boýunça döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Ylmy maslahatda tejribe alyşmakda we göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda bilelikdäki duşuşyklaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň we beýleki çäreleriň geçirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygy nygtalyp geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýaşlary telekeçilik işine giňden çekmekde berýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Arazgül BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň I ýyl talyby.