05/11/2024
1389
ÇEHIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ÝOKARY OKUW MEKDEPLERINIŇ WEKILLERI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerinden ybarat toparyň Türkmenistana saparynyň Maksatnamasynyň çäklerinde türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçy düzümi hem-de Çehiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, has takygy, Praga şäheriniň Karl uniwersitetiniň, Çeh oba hojalyk uniwersitetiniň, Himiýa-tehnologiýa uniwersitetiniň, Zline şäheriniň Tomaş Bati adyndaky uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň başynda institutyň rektory G.Ýusupowa çykyş edip, Türkmenistan bilen Çehiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamdaky hyzmatdaşlyk, institutda hereket edýän okuw we ylmy merkezler barada gürrüň berdi. Mundan başga-da taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Çehiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli guralmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda, esasan hem ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmekde, özara tejribeleri paýlaşmakda uly mümkinçilikleri döredýär.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.