Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Çagry beg
    Çagry beg surady
    20/05/2024

    957

    Çagry beg

    Döwletiň esaslandyrylan pursadynda döwletiň gündogar çäklerini elinde saklan Çagry beg ulgamlaýyn tabyn etmek syýasatyny ýöredip, Horasandan gaznalylary çetleşdiripdir. Biraz soňra Gaznalylar bilen ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp, täze eýelenen ýerlerden abanjak howpuň öňüni alypdyr (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 28-29 s.).
    Gaznaly soltany Mewdud Çagry begiň gyzyna öýlenipdir. Gaýynatasynyň kesellemeginden peýdalanyp, Horasana goşun ýollapdyr. Çagry beg 14-15 ýaşyndaky ýetginjek ogly Alp Arslany gaznalylaryň garşysyna iberipdir. Balh şäheriniň golaýynda bolan söweşde (1043 ý. awgust — sentýabr aýlary) Alp Arslan gaznalylary ýeňip, 1 müň adamy ýesir alypdyr. Keselinden gutulan Çagry beg Alp Arslan bilen bilelikde Termezi yzyna gaýdyp alypdyr (Hatamow J., Gurbangeldiýew J., Aşyrow O. Maudud Şyhabaddöwle // Mugallymlar gazeti. – 2003. – 24 sent.). Çagry beg soňra Termez, Kobadiýan, Wahş, Gunduz şäherlerini we bütin Toharystanyň häkimligini Alp Arslana berýär (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay, – İstanbul. 2014. – 110 s.). Çagry beg Termezi gabap, onuň häkimi meşhur taryhçy Abu’l-Fazl Beýhaka hat ýazyp, oňa Gaznalylaryň häkimine düşündirip, parahatçylykly ýol bilen şäheri tabşyrmagyny maslahat beripdir (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 40-41 s.). Munuň özi seljuklaryň mümkin bolan ýerde urşuň öňüni almak üçin çäreleri daşary syýasatda ileri tutandygynyň subutnamasydyr.
    Gaznaly soltany Mewdud seljuklary Horasandan uzaklaşdyrmak üçin Garahanly döwletini öz tarapyna çekmekçi bolupdyr. Şeýlelikde, seljuklara garşy gaznaly–garahanly–büweýhi ýaranlygy emele gelýär. 1049-njy ýylda bu bileleşigiň güýçleri Çagry begiň garşysyna ýörişe girişýär. Ýolda Gaznaly soltany Mewdud aradan çykyp, goşuny dargaýar. Büweýhi döwletinden Yspyhanyň häkimi Abu Kalijar çölde goşunynyň köp bölegini ýitirip, yza dolanmaly bolýar. Ýaranlarynyň başyna gelen zatlardan habarsyz Garahanly Ybraýym Tamgaç bolsa Termezi basyp alýar. Jeýhundan geçip, Balha tarap hereket edipdir. Emma Çagry begiň ogly Alp Arslan Garahanlylaryň Balhy eýelemegine mümkinçilik bermändir. Tamgaç han ýaranlarynyň dargandygyny öwrenip, Çagry beg bilen ýaraşyk baglaşmagyň ýoluny gözläpdir. Çeşmelerde habar berlişine görä, Çagry beg derýadan geçip, Garahanly soltany bilen bir tagtda oturyp, zyýapatyň başynda söhbet edipdir. Onuň netijesinde iki tarapyň arasynda ýaraşyk baglaşylypdyr. Şertnama görä, Garahanlylar Horasana we seljuk topraklaryna çozuş etmekden saklanmaga borçlandylar (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 52-53 s.). 1053-nji ýylda baglaşylan gaznaly-seljuk şertnamasynda iki tarapyň birek-biregiň çägine çozmazlygy şert goýlupdyr. Çagry begiň hut özüniň gol çeken bu şertnamasy Gaznalylar tarapdan döwletine geljek howpuň öňüni almaga gönükdirilip, serhetleriň ygtybarly goragyny üpjün etmelidi (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 42 s.).
    Gaznaly soltany Ybraýymyň döwründe (1059–1099) seljuk-gaznaly gatnaşyklary kadaly ýagdaýda bolupdyr. Ybraýym Alp Arslan we Mälik şa bilen parahatçylykly gatnaşyklary alyp barypdyr. Ybraýymyň döwründe uzak ýyllardan bäri dowam eden seljuk-gaznaly gapma-garşylyklarynyň soňuna çykylypdyr. 1059-njy ýylda Çagry begiň tagallasy bilen iki döwletiň arasynda şertnama gol çekilýär (Бартольд В.В. Сочинения. Том I. Туркестан в эпоху монгольского нашествия. –Москва, 1963. – С.367.). Oňa laýyklykda, Hindiguş daglary bu iki türkmen döwletiniň serhedi edilip bellenilýär. Meşhur taryhçy Abul Fazl Beýhaky tarapyndan ýazylan bu şertnama ýarym asyra golaý dowam edipdir. Şertnama Seljuk döwletiniň gündogar çäklerini ýarym asyra golaý asuda, parahat saklamaga ýardam beripdir (Yasemin Akyol. Büyük Selçuklu devleti’nin Doğu politikasi. Yüksek lisans tezi. – Konya, 2013. – 43 s.).

    (Dowamy gazetiň indiki sanynda).

    Jumamyrat Gurbangeldiýew,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
    taryh ylymlarynyň kandidaty.

    Çeşme: "Biznes reklama" gazeti -20.05.2024 ý. // 
    https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/149155

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI