Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Çaganyň hukuklarynyň hepdeligi
    Çaganyň hukuklarynyň hepdeligi surady
    30/11/-0001

    785

    Çaganyň hukuklarynyň hepdeligi

    20-nji noýabr – Bütindünýä çaga güni we Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilen güni
    Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary we uly tagallalary netijesinde ýurdumyzda çagalygy goramak, çagalaryň we ýaşlaryň saglygyny saklamak hem-de hemmetaraplaýyn ösmegini gazanmak, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda ýurduň durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň, artykmaçlyklarynyň we ileri tutulmalarynyň köptaraplaýyn ulgamy we ygtybarly hukuk hem-de durmuş kepillikleri döredildi.
    Halkara hukuk namalarynda çagalary goramak, çagalaryň hukuklary we azatlyklary baradaky meseleler esasy orun tutýar. Ol halkara hukuk resminamalarynyň iň esasylarynyň biri-de, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1989-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýadyr. Türkmenistan bu konwensiýany 1994-nji ýylyň sentýabr aýynda tassyklap, oňa gatnaşyjy döwlet hökmünde goşuldy. Bu konwensiýa çagalaryň hukuklaryna degişli kanun taýdan berkidilen ilkinji Konwensiýa bolup, dünýäniň ähli çagalarynyň adam hukuklarynyň esaslaryny öz içinde jemleýär. Bu konwensiýanyň kabul edilen güni bilen Bütindünýä çaga gününiň bellenilmegi bu günki günüň ähmiýetini has-da artdyrýar.
    1954-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bütindünýä çaga gününi bellemek barada ýörite rezolýusiýa kabul edildi. Bu günüň bellenmeginiň esasy maksady, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýädäki çagalar barada edilýän tagallalaryň, alnyp barylýan işleriň berkemegine gönükdirilendir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň rezolýusiýasynda Bütindünýä çaga gününi ählumumy baýramçylyk hökmünde bellenmegi milletleriň arasynda raýdaşlygyň we hyzmatdaşlygyň has-da berkemegine getirer diýip belleýär.
    2021-nji ýylyň 15-20-nji noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň talyplary we Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymlary bilen 20-nji noýabr – Bütindünýä Çagalar güni mynasybetli institutymyza berkidilen 21-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy we 37-nji ýöriteleşdirilen orta mekdeplerinde “Çaganyň hukuklarynyň hepdeligi” ýokary derejede geçirildi. Bu hepdeligi geçirmegiň esasy maksady Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň mazmunyny düşündirmek bolup durýar. Mekdeplerde geçilen okuw sapaklarynyň dowamynda talyplar okuwçylaryň öňünde çaganyň hukuklary bilen baglanyşykly maglumatlary prezentasiýalaryň we wideoşekilleriň üsti bilen türkmen, iňlis we rus dillerinde çykyş etmek arkaly giňişleýin düşündirdiler. Okuw sapagyň ahyrynda çagalara gyzyklanýan soraglaryna jogap bermek arkaly olaryň düşünjelerini we pikirlerini öwrenmek talyp ýaşlara we mugallymlara örän ähmiýetli boldy. “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň agzalary gelejekde hem şeýle görnüşdäki okuwlary dowam etdirmegi maksat edinýärler.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI