Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
        • Tarafsızlık politikasının barışçıl yaratıcı gücü ve tarafsızlık doktrini
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ARGENTINANYŇ ÝURDUMYZDA TÄZE BELLENEN ILÇISINIŇ GATNAŞMAGYNDA OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Wakalar / Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
    01/06/2024

    2365

    Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi

    2024-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli maslahat we sergi geçirildi.
    Maslahat başlamazdan ozal, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň baş binasynyň giň eýwanynda Medeniýet ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) Aşgabatdaky wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň gatnaşmagynda sergi guraldy. Serginiň çäklerinde çagalaryň ýerine ýetirmeginde parahatçylygy, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy. Şeýle hem daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň işgärleriniň çagalarynyň dürli dillerde aýdan goşgulary baýramçylyk ruhuny has hem belende göterdi. Soňra mejlisler zalynda maslahat öz işine başlady. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksan, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Aleksandru Nartea, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Türkmenistandaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili – Adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa hem-de Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň hirurgiýa bölüminiň lukmany Allanur Saryýew dagylar çykyş etdiler.
    Çykyşlarda Türkmenistanda milli kanunçylyga laýyklykda, çagalary durmuş taýdan goldamak babatda uly tagallalaryň edilýändigi aýratyn bellenildi. Türkmenistanyň bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýandygy, ýurdumyzyň halkara derejedäki şeýle abraý-mertebesiniň sakasynda adam hakynda edilýän aladalaryň, çagalary goramak babatda alnyp barylýan oňyn döwlet syýasatynyň durandygy, döwletimiziň howandarlyga mätäç çagalara berýän hemmetaraplaýyn kömek-goldawynyň çagalaryň bähbitlerine gönükdirilýändigi nygtaldy. Hususan-da, daşary ýurtly wekiller Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdiler.
    Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan mätäç çagalara 140-dan gowrak operasiýa geçirildi we ýatymlaýyn şertlerde bejergi işleri amala aşyryldy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň berilmegi, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň yzygider gönükdirilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan ynsanperwer işleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda hereket edýän dürli agentlikleriniň wekilleriniň arasynda giňden ykrar edilýändigi aýdyldy.
    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.

    Ajaýyp NOBATOWA,
    TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.

    https://salamnews.tm/news/blog/konferentsiia-v-imo-aa13f4

    Soňky täzelikler

    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI surady

    29/04/2026

    TALYPLARYMYZYŇ HALKARA BÄSLEŞIGINDÄKI ÝEŇŞI
    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS surady

    24/04/2026

    IŇLIS DILI DERSI BOÝUNÇA V HALKARA INTERNET OLIMPIADASYNYŇ ÝEŇIJILERINI GUTLAÝARYS
    TALYBYMYZYŇ SPORT ÜSTÜNLIGI surady

    23/04/2026

    TALYBYMYZYŇ SPORT ÜSTÜNLIGI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI