Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Çagalary goramagyň halkara güni
    Çagalary goramagyň halkara güni surady
    30/11/-0001

    1092

    Çagalary goramagyň halkara güni

    1-nji iýunda biziň ýurdumyz dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. 1949-njy ýyldan bäri bellenilýän bu baýram, Garaşsyz Türkmenistanyň milli ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän, ösüp gelýän ýaş nesil hakynda alada etmek, çagalaryň hukuklaryny goramak, olaryň sazlaşykly ösmegi üçin şert döretmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryndan birine öwrüldi.

    1949-njy ýylyň noýabrynda Zenanlaryň Halkara demokratik Federasiýasynyň Geňeşiniň sessiýasynyň çözgüdi esasynda döredildi we her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär. Ilkinji gezek 1950-nji ýylda dünýäniň 51 ýurdunda bu halkara güni bellenilip başlandy. BMG-sy bu başlangyjy goldady we çagalaryň hukuklarynyň, ömrüniň we saglygynyň goralmagyny öz işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan etdi.

    1924-nji ýylda kabul edilen Çagalaryň hukuklary baradaky Ženewa Jarnamasyna laýyklykda çaganyň hukuklaryny sosial taýdan goramagyň zerurlygy yglan edildi. 1959-njy ýylyň 20-nji noýabrynda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakyndaky Jarnamasynda terbiýe, bilim, durmuş üpjünçiligi, beden we ruhy taýdan ösmek, teniniň reňkine, milletine, sosial gelip çykyşyna, emläk ýagdaýyna garamazdan çagalaryň deňhukuklylygy yglan edildi.

    1994-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Çaganyň hukuklary hakyndaky konwensiýasyny tassyklady. Bu halkara resminamanyň esasy goýujy ýörelgeleri Türkmenistanyň "Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri" hakyndaky kanunynda öz beýanyny tapdy.

    Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (UNICEF), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy, Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar boýunça Ýokary Komissarlygy we Bütindünýä Saglyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

    Aşgabatda welaýat merkezlerinde ýöriteleşdirilen “Ene mähri” lukmançylyk merkezleriniň açylmagy döwletiň eneleri we çagalary goramak meselelerine üns berýändiginiň subutnamasydyr. Iň möhüm sosial çäreleriň biri, çaga dünýä inende we oňa ideg etmekde tölenýän ýeňilliklerdir.

    Ýaş nesle ideg etmek, onuň doly ösmegi üçin zerur şertleri döretmek, ýaş raýatlaryň döredijilik mümkinçiliklerini açmak Türkmenistanyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.


    Şahnoza EMINOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI