
29/03/2025
734
Çagalar hakda alada — dünýä hakda alada
Pederlerimiz ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy
hasaplap, hemişe il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde
derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgelerine ygrarly bolupdyr.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Ömür saly artar alkyş alanyň» ýa-da
«Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýip bellese, Gündogar akyldarlarynyň ýene
biri haýyrly, ýagşy işleri etmegiň halkyň hormatyna eltýän iň ýakyn ýoldugyny
nygtaýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, Gahryman
Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan dört ýyl ozal — 2021-nji ýylyň 29-njy
martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-
sahawat gaznasy döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň öz gazanjyndan ilkinji
bolup bu gazna serişde goýmagy, gazna tarapyndan maksada gönükdirilen
çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ynsanperwerligiň beýik nusgasydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gaznanyň alyp barýan
sahawatly işleri nijeme maşgalalaryň ynam-umytlaryna ganat berip, ýüzlerçe
çaga bagt paýlaýar.
HAÝYR IŞI JÄHT TUT!
Gaznanyň işi barada gürrüň berýän «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy»
atly kitapda: «Bagtly bolmak hukugy sözüň doly manysyndaky ruhy ahwaldyr,
beýik derejedir. Çünki hyýallary hakykata öwürýän güýji döredýän hem
adamlardyr» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şeýle gaznanyň döredilmegi ildeşlerimiziň hem
bu haýyr-sahawatly işe gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi. Gaznanyň ýanynda
Ýaşulular geňeşiniň bolmagy ýurdumyzda her bir işde ýaşuly nesliň
maslahatlaryna eýerilýändiginiň beýanydyr. Arkadag şäherindäki Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa gaznanyň
howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydyr.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi, bu abraýly sylag bilen
saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan
adamlaryň sylaglanmagy ulus-iliň goldawyna mynasyp boldy. Şunuň bilen
baglylykda, geçen ýyl «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige
esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň
nusgalyk tejribesi» atly maslahat hem guraldy. Şu gün — 29-njy martda bolsa
gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirilýär.
ÝAGŞYLYGYŇ ÝALKYMY
Haýsy döwlet parahatçylyk döredijilikli syýasaty alyp baryp, diplomatiýanyň
gurallaryny işjeň ulanýan bolsa, dünýä ähline ýagşylyk isläp, dost-doganlyk,
ynsanperwerlik ýörelgelerini ilerledýän bolsa, şol döwlete güýçli döwlet diýilýär.
Milletler Bileleşiginde hemişelik Bitaraplygy degişli Kararnamalar bilen üçünji
gezek ykrar edilen Watanymyz bu gün asuda, parahatçylygy wagyz edýän,
ykdysady taýdan kuwwatly, amatly geografik çäkde ýerleşýän, iň esasy bolsa,
ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynda ilkinji orunda goýýan ýurtdur.
Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň hem alyp barýan işleri şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. Şunuň bilen
baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe
Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň,
Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri
ugradyldy. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk
hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny
pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin güwänamanyň, şeýle hem bu düzümiň
ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Hoşallyk hatynyň gowşurylmagy sahawatlylyk
ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasydyr.
Ýakynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti ÝUNISEF-niň
Türkmenistandaky wekili hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklary
geçirip, onda ynsanperwer maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň
geljekki ugurlaryna garaldy. Ýokary derejeli wekilleriň gaznanyň alyp barýan
işleriniň asylly ynsanperwer ýörelgelere eýerýändigini buýsanç bilen bellemekleri
türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryna berlen mynasyp bahadyr.
YNSANPERWERLIGIŇ BEÝIK NUSGASY
Halkymyz çagalara iň gowy zatlary peşgeş berýär, olary söýgi, mähir bilen
gurşaýar. Şunda hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesle milli terbiýeçilik
ýörelgelerimiziň iň ýagşylaryny görkezip, sogap saýylýan işleriň başyny başlap
bermegi nusgalyk häsiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýürekleri hyjuwdan,
buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar nesiller bilen häli-şindi duşuşyp, söhbetdeş
bolmagy atalyk aladalaryň netijesidir. «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz
arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky
aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar»
diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa bu günki gün haýyr-sahawatdan
doly şol mukaddes ýoly özüniň beýik işleri bilen dowam etdirýär.
Ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimiz haýyr-sahawat gaznasynyň
geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerinde, kabul eden ynsanperwer
çözgütlerinde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň
serişdeleriniň hasabyna dört ýylyň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň
saglygynyň dikeldilendigini bellemek gerek. Gazna tarapyndan paýtagtymyzdaky
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we beýleki
hassahanalara «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi. Mundan
başga-da, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýat çagalar
hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy, ýurdumyzyň
welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary
gowşuryldy. Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda
Watanymyza mynasyp wekilçilik eden türgenlere gymmat bahaly sowgatlar
gowşurylýar.
ZEHIN ZEHINDEN ZYÝADA
Şöhratly wakalara beslenýän taryhy döwür, parahatçylyk we abadançylyk,
Watan ezizligi, durmuş gözelligi ýaş nesillerimiziň kalbyny nurlandyryp, olary
kämillige, döredijilige, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Beýik ykbally ýaşlaryň
döredijilik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyna haýyr-sahawat gaznasynyň alyp
barýan işleriniň, guraýan bäsleşikleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek
bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hut şu gün — 29-njy martda haýyr-sahawat
gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen
döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenýär. Buýsanç bilen ýatlasak, geçen ýylda
hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Biz — Arkadag Serdarly
Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşigi geçirilipdi. Mundan başga-
da, geçen ýylda haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep
okuwçylarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiada
hem ýaş nesilleriň bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
* * *
Il içinde: «Ejizi goldamak kadasy unudylan güni dünýäde ýaşaýyş hem
soňlanar» diýen meşhur aýtgy bar. Halkymyz «Haýyr işi jäht tut!», «Ýagşylyk
töre elter», «Ýagşynyň kalby — kuýaş» diýen ýaly pähimleri döredip, hemişe
ýagşy işlere ýaran bolmagy ündeýär. Sahawatlylygyň, haýyr işleri amal
etmegiň sogaby örän uly. Kalby il-ulsuna ýagşylykdan doly Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, mähriban enelerimiziň, il-
günümiziň, bütin dünýäniň alkyşyna mynasyp bolýan haýyr-sahawat gaznasy
bolsa ýagşylygyň ýalkymydyr, ynsanperwerligiň iň belent ykrarnamasydyr.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 29.03.2025.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/187501