
29/03/2025
733
Çagalar hakda alada — dünýä hakda alada
Pederlerimiz ýagşy niýetliligi, pespälligi, ynsanperwerligi ömrüň manysy hasaplap, hemişe il bilen bolmak, birek-birege kömek etmek, dertli gününde derdini, begenen gününde şatlygyny paýlaşmak ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Ömür saly artar alkyş alanyň» ýa-da «Entäni goldara hemaýat ýagşy» diýip bellese, Gündogar akyldarlarynyň ýene biri haýyrly, ýagşy işleri etmegiň halkyň hormatyna eltýän iň ýakyn ýoldugyny nygtaýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine eýerip, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan dört ýyl ozal — 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr- sahawat gaznasy döredildi. Hormatly Arkadagymyzyň öz gazanjyndan ilkinji bolup bu gazna serişde goýmagy, gazna tarapyndan maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ynsanperwerligiň beýik nusgasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gaznanyň alyp barýan sahawatly işleri nijeme maşgalalaryň ynam-umytlaryna ganat berip, ýüzlerçe çaga bagt paýlaýar.
HAÝYR IŞI JÄHT TUT!
Gaznanyň işi barada gürrüň berýän «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitapda: «Bagtly bolmak hukugy sözüň doly manysyndaky ruhy ahwaldyr, beýik derejedir. Çünki hyýallary hakykata öwürýän güýji döredýän hem adamlardyr» diýlip bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen şeýle gaznanyň döredilmegi ildeşlerimiziň hem bu haýyr-sahawatly işe gatnaşmagyna mümkinçilik döretdi. Gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň bolmagy ýurdumyzda her bir işde ýaşuly nesliň maslahatlaryna eýerilýändiginiň beýanydyr. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa gaznanyň howandarlygynda gurlan sebitde ýeke-täk saglygy goraýyş edarasydyr. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi, bu abraýly sylag bilen saglygy goraýyş, ynsanperwerlik, haýyr-sahawat işleriniň ösüşine uly goşant goşan adamlaryň sylaglanmagy ulus-iliň goldawyna mynasyp boldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyl «Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwerlige esaslanýan taryhy başlangyçlary: howandarlygyň we çagalara mähirli garaýşyň nusgalyk tejribesi» atly maslahat hem guraldy. Şu gün — 29-njy martda bolsa gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahat geçirilýär.
ÝAGŞYLYGYŇ ÝALKYMY
Haýsy döwlet parahatçylyk döredijilikli syýasaty alyp baryp, diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanýan bolsa, dünýä ähline ýagşylyk isläp, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini ilerledýän bolsa, şol döwlete güýçli döwlet diýilýär. Milletler Bileleşiginde hemişelik Bitaraplygy degişli Kararnamalar bilen üçünji gezek ykrar edilen Watanymyz bu gün asuda, parahatçylygy wagyz edýän, ykdysady taýdan kuwwatly, amatly geografik çäkde ýerleşýän, iň esasy bolsa, ynsanperwer ýörelgeleri döwlet syýasatynda ilkinji orunda goýýan ýurtdur. Parahatçylygyň beýik taglymatçysy Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem alyp barýan işleri şeýle asylly ýörelgelere esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Owganystanyň, Ukrainanyň we Palestinanyň çagalaryna ynsanperwerlik ýükleri ugradyldy. ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna kömege mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlarynyň berlendigi we olaryň ýagty geljege bolan umytlaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin güwänamanyň, şeýle hem bu düzümiň ýurdumyzdaky wekilhanasynyň Hoşallyk hatynyň gowşurylmagy sahawatlylyk ýörelgelerimiziň halkara ykrarnamasydyr.
Ýakynda gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşyklary geçirip, onda ynsanperwer maksatlara gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna garaldy. Ýokary derejeli wekilleriň gaznanyň alyp barýan işleriniň asylly ynsanperwer ýörelgelere eýerýändigini buýsanç bilen bellemekleri türkmen halkynyň ýagşy dessurlaryna berlen mynasyp bahadyr.
YNSANPERWERLIGIŇ BEÝIK NUSGASY
Halkymyz çagalara iň gowy zatlary peşgeş berýär, olary söýgi, mähir bilen gurşaýar. Şunda hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesle milli terbiýeçilik ýörelgelerimiziň iň ýagşylaryny görkezip, sogap saýylýan işleriň başyny başlap bermegi nusgalyk häsiýete eýedir. Milli Liderimiziň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan, joşgundan doly bagtyýar nesiller bilen häli-şindi duşuşyp, söhbetdeş bolmagy atalyk aladalaryň netijesidir. «Mähriban çagalarymyz we ýaşlarymyz arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyrlar» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa bu günki gün haýyr-sahawatdan doly şol mukaddes ýoly özüniň beýik işleri bilen dowam etdirýär.
Ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimiz haýyr-sahawat gaznasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýerine ýetiren işlerinde, kabul eden ynsanperwer çözgütlerinde öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna dört ýylyň dowamynda 500-den gowrak näsag çaganyň saglygynyň dikeldilendigini bellemek gerek. Gazna tarapyndan paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we beýleki hassahanalara «Dialog+» kysymly gemodializ enjamlary sowgat berildi. Mundan başga-da, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Mary welaýat çagalar hassahanasyna «Savina» kysymly emeli dem beriş enjamy, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary gowşuryldy. Şol bir wagtyň özünde, gaznanyň hasabyna halkara derejeli ýaryşlarda Watanymyza mynasyp wekilçilik eden türgenlere gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.
ZEHIN ZEHINDEN ZYÝADA
Şöhratly wakalara beslenýän taryhy döwür, parahatçylyk we abadançylyk, Watan ezizligi, durmuş gözelligi ýaş nesillerimiziň kalbyny nurlandyryp, olary kämillige, döredijilige, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Beýik ykbally ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň rowaçlanýandygyna haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň, guraýan bäsleşikleriniň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, hut şu gün — 29-njy martda haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda yglan edilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň gözýetimi, dünýägaraýşy» ady bilen döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenýär. Buýsanç bilen ýatlasak, geçen ýylda hem Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri» atly döredijilik bäsleşigi geçirilipdi. Mundan başga- da, geçen ýylda haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen matematika dersi boýunça halkara olimpiada hem ýaş nesilleriň bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
* * *
Il içinde: «Ejizi goldamak kadasy unudylan güni dünýäde ýaşaýyş hem soňlanar» diýen meşhur aýtgy bar. Halkymyz «Haýyr işi jäht tut!», «Ýagşylyk töre elter», «Ýagşynyň kalby — kuýaş» diýen ýaly pähimleri döredip, hemişe ýagşy işlere ýaran bolmagy ündeýär. Sahawatlylygyň, haýyr işleri amal etmegiň sogaby örän uly. Kalby il-ulsuna ýagşylykdan doly Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, mähriban enelerimiziň, il- günümiziň, bütin dünýäniň alkyşyna mynasyp bolýan haýyr-sahawat gaznasy bolsa ýagşylygyň ýalkymydyr, ynsanperwerligiň iň belent ykrarnamasydyr.
Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Çeşme: «Nesil» gazeti, 29.03.2025. https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/7/articles/187501