Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / BÜTINDÜNÝÄ ÝAZYJYLAR GÜNI
    BÜTINDÜNÝÄ ÝAZYJYLAR GÜNI surady
    30/11/-0001

    1847

    BÜTINDÜNÝÄ ÝAZYJYLAR GÜNI

    Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda dünýä edebiýatynyň altyn sahypalaryny özüniň taryhy eserleri, nowellalary, şeýle-de goşgudyr poemalary bilen bezeýän şahyrlar, ýazyjylar  – edebiýat äleminiň ussatlary sanardan kän. Ylmy maglumatlara  görä, dünýäde 150-200 müňe golaý ýazyjynyň bardygy we olaryň ýiti galamynyň astyndan ýüzlerçe dillerde çeper, taryhy eserleriň döreýändigi anykdyr. Bu maglumatlardan ugur almak bilen edebiýat äleminiň ussatlarynyň işiniň ýeňil däldigini aýtmak bolar. Şeýle-de, olaryň bu ýeňil bolmadyk işleriniň  sylag – hormata mynasypdygy göz öňünde tutulyp, Bütindünýä ýazyjylar güni döredildi. Şu ýerde onuň taryhy hakynda biraz gürrüň etsek kem bolmaz. Bu ähmiýetli  Bütindünýä gününiň bellenilmegi hakyndaky çözgüt  edebiýatyň dürli žanrlarynda zähmet çekýän ussat ýazyjylary bir ýere jemleýän halkara gurama bolan PEN kluby tarapyndan, 1986-njy ýylyň 12-18-nji ýanwarynda geçirilen     48-nji mejlisinde öz beýanyny tapdy.  Bu halkara gurama 1921-nji ýylda Londonda esaslandyrylypdyr. (Guramanyň ady bolsa iňlis sözi bolan “Poets” – ýazyjylar, “Essayists” – oçerk ýazyjylary we “Novelists” – roman ýazyjylary sözleriniň gysgaltmasy esasynda emele gelipdir). Guramanyň birinji Prezidenti Djon Golsworsidyr. Guramanyň döredilen wagty onuň düzüminde dünýäniň 11 ýurdy agza bolan bolsa, häzirki wagtda onuň hatarynda 130 sany agza ýurt hereket edýär. Guramanyň Düzgünnamasynda hem ýazylyşy ýaly, bu halkara gurama – her bir ýurduň çäginde we ýurtlaryň arasynda maglumatlaryň, eserleriň we neşirleriň  azatlygyny goramak boýunça çykyş edýär.

    Bütindünýä ýazyjylar güni häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda bellenip geçilýär we ýazyjylaryň ençemesine halkara derejesindäki dürli baýraklar gowşurylýar.

    Şu ýerde bir zady belläp geçmek ýerlikli bolar. Ata Watanymyz Türkmenistan hem beýik filosof we görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda bellenilip geçiljek 300 ýyllyk şanly toýuna eýýämden uly depgin bilen taýýarlyk görýär. Şahyra bagyşlanyp durmuşa geçirilýän ägirt taslamalaryň biri hem – gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde boýy 60 metr bolan Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň gurulmagydyr.

    Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän eserleri hem dürli dillere terjime edilýär. Türkmen ýazyjylarymyzyň dürli dillere terjime edilýän eserleri, goşgudyr poemalarynyň sany barha köpelýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.


    Tawus BALLYÝEWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady

    22/04/2026

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady

    11/04/2026

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni surady

    30/03/2026

    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI