Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI
    BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI surady
    30/11/-0001

    1159

    BÜTINDÜNÝÄ RADIO GÜNI

    Habar beriş serişdeleriniň giňden ýaýran görnüşleriniň biri-de radiodyr. Radio uzak ýerlere habar bermek üçin iň ygtybarly serişde bolup durýar. 2012-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň tassyklamagy esasynda “Bütindünýä radio gününiň” halkara senesini her ýylyň 13-nji fewraly diýlip yglan edildi. Radio global derejede-de has köp ulanylýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň biri bolmagyny bu günki günde hem dowam etdirýär. Bütindünýä radio gününden başga-da, aragatnaşyk muşdaklary “Bütindünýä radio höwesjeňler gününi” hem giňden belleýärler. 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropada radiogepleşikler birleşmesi döredilýär. Onuň baş edarasy Ženewada ýerleşip, diňe Ýewropada däl-de, eýsem Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda hem agzalary bolupdyr.
    Radionyň esasy aýratynlygynyň biri-de, auditoriýasynyň giňişliginde eşidiş arkaly kabul edilýändigidir. Radioýaýlymlarda şekil bolmandygy üçin diňleýji gepleşigi alypbaryjynyň aýdýan her bir sözüni üns bilen diňläp, göz öňünde janlandyrýar. Radio jemgyýetiň köpdürlilik tejribesini emele getirýän meýdançadyr.
    Radio hakynda söhbet açylanda türkmen radiosy we onuň ösüş ýoly barada hem gysgaça durup geçeliň! Türkmen radiosy öz gözbaşyny esasan 1926-njy ýylda döredilen “Radiosöýüjileriň” jemgyýetinden alyp gaýdýar. Ilatly ýerleri radio enjamlary bilen üpjün etmek-de, jemgyýetiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. 1927-njy ýylyň 7-nji noýabrynda “Türkmenradio” jemgyýeti döredilip, ilkinji radiogepleşikler ýaýlyma berlip başlanýar. Arhiw resminamalaryndaky maglumatlaryň şaýatlyk etmegine görä, “Gepleýär Aşgabat!” – bu sözler ilkinji gezek paýtagtymyzda işe girizilen radiostansiýadan, 80 ýyl mundan ozal ýaňlanypdyr.
    Şeýlelik bilen güýçli depginde ösüp başlan türkmen radiosy halk hojalygynda gazanylýan üstünliklerini, jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryny, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş döwrüniň habarlaryny ýetirmekde uly işleri bitirýär. Uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habary radioda diktor Arap Gurbanowyň okamagynda türkmen halkyna ýetirilipdir.
    Garaşsyzlyk döwrümizde türkmen radiosy täze hil derejesine ýetdi. Häzirki wagtda “Watan”, “Çar tarapdan”, “Miras”, “Owaz” radioýaýlymlary bar. Her bir radioýaýlymyň öz ugry boýunça ýörite bölümleri bolup, her bölümiň öz ugry boýunça-da birnäçe gepleşikleri meýilnama esasynda taýýarlanylýar. Ýurdumyzda yzygiderli eşitdirilýän radiogepleşikler öz diňleýjilerini diňe bir habarlar bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, birnäçe gyzykly, terbiýeçilik ähmiýetine eýe bolan medeni-dynç alyş sahypalary bilen hem ruhy lezzet berýär.

    Meýlis SADYKOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI