Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
        • Bilim ulgamyndaky türkmen-rus hyzmatdaşlygy
        • Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy: täze mümkinçilikler
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
        • «ÝAŞ DIPLOMATLAR» YLMY GURNAGYNYŇ GURAMAGYNDA SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ II ÝARYM FINAL OÝNY
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ I ÝARYM FINAL OÝNY
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Halkara günler / Bütindünýä radio güni hakda söz açylanda...
    Bütindünýä radio güni hakda söz açylanda... surady
    30/11/-0001

    1857

    Bütindünýä radio güni hakda söz açylanda...

    Radio ýurtda we dünýäde bolup geçýän habarlary, täzelikleri halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirýän žurnalistikanyň esasy görnüşleriniň biri. Radio jemgyýete täsir edijiligi taýdan telewideniýeden hem-de metbugatdan soňky orunda durýar.
    Radio gününi dünýä halklarynyň arasynda giňden bellemek teklibi ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Ispaniýanyň hemişelik wekiliýeti tarapyndan hödürlenýär. Bu başlangyç Ispaniýanyň radio akademiýasynyň prezidenti Horhe Alwares tarapyndan öňe sürülýär. Şeýlelikde, 2012-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 13-nji fewraly Bütindünýä radio güni diýip yglan etdi. Bu senäniň esasy maksady, halk köpçüliginiň arasynda radionyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. 1950-nji ýylyň 12-nji fewralynda Ýewropanyň radiogepleşikler birleşmesi döredilýär. Birleşmäniň baş edarasy Ženewa şäherinde bolup, Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda agzalary bar.
    Türkmenistanda radio sungaty 1926-njy ýylyň ýanwar aýynda döredilen «Radiosöýüjileriň» jemgyýetinden gözbaş alyp gaýdýar. Sähel wagtyň içinde, has dogrusy, 1927-nji ýylyň noýabr aýynda radiostansiýa döredilýär we ilkinji radiogepleşikler berlip başlanýar. Maglumatlara görä, 1927-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Aşgabadyň Karl Marks köçesinde ilkinji gezek Moskwanyň Gyzyl meýdançasynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Moskwanyň sesi» ady bilen ýaňlanýar. 1935-nji ýylda Aşgabadyň radiogepleşikler stansiýasyna has kuwwatly enjamlaryň gelmegi bilen, türkmen radio sungatynyň ösüş ýoly başlanýar. 1940-njy ýyla çenli eýýäm şäherdir etrap merkezlerinde radiouzeller gurnalýar.
    Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen radiosynyň diktorlar düzümi kämilleşip ugraýar. Ýazyjy Arap Gurbanowyň okamagynda Sowet maglumat býurosynyň habarlary türkmen dilinde tolkuna goýberilip başlanýar. Ýeri gelende, Arap Gurbanowyň uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş baradaky şatlykly habary türkmen dilinde halk köpçüligine ýetirendigini buýsanç bilen bellemelidiris.
    Häzirki wagtda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinden radioýaýlymlaryň dördüsiniň — «Çar tarapdan», «Owaz», «Miras», «Watan» radioýaýlymlarynyň gepleşikleri ýaýlyma berilýär.

    Jahantäç ÖWEZOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ surady

    22/04/2026

    ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI surady

    11/04/2026

    12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni surady

    30/03/2026

    Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI