1384
Bütindünýä mugallymlar güni
Bütindünýä mugallymlar güni 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 5-nji oktýabrynda dünýäde giňden bellenilip geçilýär. Bu senäni bellemegiň maksady jemgyýetde mugallymlaryň uly orun eýeleýänligine üns çekmekden ybaratdyr. Şol gün Halkara Zähmet Guramasy we ÝUNESKO tarapyndan 1966-njy ýylda Mugallymlaryň ýagdaýy baradaky Teklibiň kabul edilmeginiň ýyllygy dabaraly bellenilýär. Ol Teklipde mugallymlaryň borçlary we jogapkärçilikleri, işe almak, işe ýerleşmek bilen bagly düzgünleri kesgitlenilýär.
Mugallymlaryň biziň durmuşymyzda aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir, maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda kömek edýär.
Bu baramçylyk mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek, hoşniýetli, adalatly we adamkärçilikli bolmagy ündeýän ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp senedir.
Güljan Oraznepesowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/10/2024
Всемирный день продовольствия09/10/2024
9-njy OKTÝABR — BÜTINDÜNÝÄ POÇTA GÜNI05/10/2024
BÜTINDÜNÝÄ MUGALLYMLAR GÜNI