Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNI
    BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNI surady
    30/11/-0001

    1131

    BÜTINDÜNÝÄ FOTOSURAT GÜNI

    Her ýylyň 19-njy awgustynda Bütindünýä fotosurat güni bellenilýär. Bu sene 2009-njy ýylda Awstraliýaly fotosuratçy Korske Aranyň teklibi bilen tassyklandy. Şeýle hem 1839-njy ýylyň 9-njy awgustynda fransuz himigi Lui Daggeriň ýagtylyga duýgur plastinka şekili geçirmek usulyny oýlap tapmagy netijesinde fotosurat peýda bolýar. Bu wakadan 10 gün soň, şol ýylyň 19-njy awgustynda täze açyş Fransiýanyň hökümeti tarapyndan resmi taýdan yglan edilýär.

    Öňki döwürlerde surata düşmek üýtgeşik we gaýtalanmajak jady hasaplanýarka fotosuratçylara ýalňyşlyk goýbermek mümkin däldi. Fotosuratyň taýýar bolmagyna adamlar garaşýardy, olary çap etmek bir günden gowrak wagt alýardy we diňe fotosurat studiýasynda surata düşmek mümkinçiligi bardy.Häzirki wagtda surata düşürmek adaty bir zat hasaplanýar we agyr zähmet talap etmeýär. Düwmä bir gezek bassaň, surat taýýar. Köp gezek surata düşürip, iň gowusyny saýlap bolýar. Fotosurat oýlap tapylandan 30 ýyldan gowrak wagt geçensoň, Şotlandiýaly fizik Jeýms Makswell dünýäde ilkinji gezek reňkli fotosurata düşürip, uly üstünlik gazanmagy başardy. 1981-nji ýylda bolsa «Sony» kompaniýasy sanly kameralary oýlap tapdy, bu surat sungatynyň ýokary derejede ösmegine itergi berdi.

    Häzirki döwürde surata düşmek «düwmäniň basylmagy bilen» wakanyň dogry we ygtybarly bolmagyndan zyýada has ýokary sungata öwrüldi. Ajaýyp, döwrebap surata düşmek üçin çylşyrymly enjam bolan kameranyň ähli tehniki we döredijilik mümkinçiliklerini bilmeli. Şeýle hem dogry yşyklandyryşy, surata düşmek üçin belli bir ýagdaýy, reňki saýlap, «Photoshop» ýaly programmalarda fotosuratlaryň üstünde işlemegi başarmaly.

    Bütindünýä fotosurat gününi belleýänler surata düşürmek, düşmek bilen bagly gyzykly çäreleri guraýarlar. Çünki fotosuratlar adamlara ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary peşgeş berýär. Mundan başga-da, bu gün dürli fotosuratçylardyr fotosurat studiýalary surat sergilerini hem guraýarlar. Köp ýurtlarda ussat fotosuratçylaryň okuw sapaklary, dürli maslahatlar we fleş-moblar geçirilýär.

    Gözel EMINOWA,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI