29/12/2025
77
«Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän «Bitaraplyk muzeýine» gezelenç
2025-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde gurlan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýiniň «Bitaraplyk muzeýiniň» şahamçasyna gezelenç gurnaldy.
Muzeýde ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň çäklerindäki iň möhüm wakalary beýan edýän resminamalar, fotosuratlar we eksponatlar şöhlelendirilipdir. Binanyň sütünleri Türkmenistanyň baý taryhyny — gadymy döwürlerden, hususan-da, milletbaşy Oguz han türkmen we onuň alty ogly hakyndaky rowaýatlardan başlap, Beýik Seljuk Türkmenleriniň döwletine, Köneürgenç türkmenleriniň döwletine, şeýle hem Görogly we Magtymguly eýýamyna çenli döwürleri öz içine alýan şekiller bilen bezelipdir. Şeýle hem medeniýetde, sungatda, ylymda we bilimde Galkynyş döwründen tä häzirki Garaşsyzlyk döwrüne çenli ýol şöhlelendirilipdir.
Türkmenistanyň ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilik we hoşniýetlilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygynyň keşbi bolup durýan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasynyň özboluşly aýratynlygy halkaraçy talyplarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de muzeýlerde ýerleşdirilen Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary, gadymy milli gymmatlyklarymyz, altyn çaýylan sowgatlyklar talyplaryda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Aýjemal TOWÇAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.