Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany
    Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany surady
    30/11/-0001

    4233

    Bitarap Türkmenistan – parahatçylygyň we dostlugyň mekany

    «Garaşsyzlyk, Bitaraplyk - ösüşiň goşa ganaty» atly
    çeper-publisistik makalalar bäsleşigine
    Dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň agzybirligiň, jebisligiň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde tanalýan Watanymyzda şu ýyl hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 26 ýyllygy bellenilýär. Indi çärýek asyr wagt bäri Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan adyna eýe. Bu bagta ýurdumyz 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýasynyň esasynda, gurama agza 185 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde eýe boldy. Bu resminama 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde bu gurama girýän 193 döwletiň ählisi tarapyndan biragyzdan gaýtadan kabul edildi. Şeýlelik-de, ýurdumyz dünýä syýasatynda ilkinji gezek şeýle belent derejä eýe boldy. Türkmenistanyň Bitaraplygy öz mazmuny boýunça oňyndyr. Bu bolsa, parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny öz içine alýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamynda uly abraýa we hormata eýedir. Aşgabatda 2007-nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomasiýasy boýunça Sebit merkezi açyldy. Bu bolsa BMG bilen netijeli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda täze tapgyryň emele gelendigini alamatlandyrdy. Bu Merkez sebitiň giňişliginde durnuklylygy ýola goýýar we netijeli özara gatnaşyklary berkidýär. Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Ösüş Maksatnamasy, ÝUNESKO, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşygy täze ösüşlere eýe bolýar.
    Ýurduň Bitaraplygy Türkmenistana beýleki ýutrlar bilen ähli ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiz:” Türkmenistan özüniň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty netijesinde dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy dowam etdirýär, halkara guramalaryň çäklerinde-de maksada gönükdirilen işleri alyp barýar” diýip belleýär. Bilimde, ylymda, medeniýetde, saglygy goraýyşda, sportda we syýahatçylykda halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açyldy. Ýurdumyz “ açyk gapylar” syýasatynaeýerip, netijeli daşary syýasat ýörelgesini yzygiderli durmuşa geçirýär, parahatçylyk ýörelgelerini bütin adamzadyň bähbidine goýmaga çalyşýar. Bu gün Türkmenistan dünýäniň syýasy giňişliginde güýçli depginler bilen ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly we asuda, sebit we halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalmak bilen beýleki ýurtlar babatda hoşniýetli, ynsanperwer syýasat alyp barýar, tebigy hadysalardan, ýer yranmasyndan, suw joşgunyndan ejir çeken ýurtlara ynsanperwer kömek iberýär. Türkmenistan dünýäde sebitleýin ýaragsyzlanmak, gyzgyn nokatlaryň ýok edilmegi, Aralyň guramagynyň öňüniň alynmagy, ekologiýa abadançylygy ýaly dünýä ähmiýetli global meseleleri BMG-niň mejlislerinde orta atyp, onuň çözgüdini tapmakda uly işler bitirýär.
    Türkmenistanyň daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň milli Lideriniň we döwletiniň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň halkara abraýyny tassyklaýan buýsançly wakadyr. Ýene şeýle wakalaryň biri döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda “2021-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegidir. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyz bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň dünýäde umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän, asudalygy goraýan, parahat söýüji döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilendigini alamatlandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli sebit we halkara derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän halkara başlangyçlarynda hemişelik Bitaraplyk möhüm orun tutýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-si-de millileşdirildi. Mähriban Arkadagymyzyň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” kitabynda bu ulgamda alnyp barylýan we indi ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän işler barada giňişleýin maglumat berilýär.
    Bitaraplyk diňe bir ýurduň daşary syýasatyna däl, eýsem, içeri syýasatyna-da oňyn täsir edýär. Biz parahatçylyk tugunyň astynda erkin dem alyp, asuda ýaşaýan halk. Ilimiz ýagty, aýdyň ertirimize ynançly garaýar. Bitaraplyk – bu asudalyk, şu güne buýsanç, ertire ynanç. Ol hemişelik bagtyýarlygymyzyň şuglasydyr. Parahatçylyk we abadançylyk ýörelgelerini, Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag , belent başy aman bolsun, ýurdumyzyň ösmegi ugrunda alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

    Dillermiziň senasyna öwrülip,
    Bitaraplyk bu gün şuglasyn saçýar.
    Halk bagtynyň baky binýady bolup,
    Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar.

    Asuda asmanda parlap tugumyz,
    Göwünlere ganat berýär, joş berýär.
    Abadandyr, parahatdyr ýurdumyz,
    Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar

    Bir-birege sarpa goýlup ýaşalýar,
    Myhman gelse giňden gujak açylýar.
    Bu asylly däpler gadymdan gelýär,
    Bitaraplyk bu gün dýnýä ýaň salýar.

    Öňe alyp barýan Arkadagym bar,
    Bolsun oňa şandyr şöhrat baky ýar.
    Ýurdumyz erkana halkym bagtyýar,
    Bitaraplyk bu gün dünýä ýaň salýar.

    Soltanowa Gülşirin
    S. Seýdi adyndaky TDMI-niň Türkmen dili we
    edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI