30/08/2024
1011
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahat
2024-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim ulgamynda öňde durýan wezipeler: Halkara we milli tejribe» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa institutyň hem-de ýurdumyzdaky beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň giriş sözi bilen açyldy. Ol, öz gezeginde, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Dogrudan-da, häzirki wagtda Garaşsyz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, ylymly, hünärli bolup ýetişmekleri üçin döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Ýylyň-ýylyna orta we ýokary okuw mekdepleri açylýar, öň bar bolanlarynda täze hünärler girizilýär. Şeýle-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, elektron maglumatlar goruny döretmek bilen bagly ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Soňra maslahat «Bilimli ýaşlar — jemgyýetimiziň üstünlikli ösüşiniň binýady», «Durnukly ösüş maksatlary we sanly bilim», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň ösüşinde ýaşlaryň orny», «Ylymly-bilimli ýaşlar — döwletimiziň kuwwatly güýji» atly bölümçeler arkaly dowam etdi. Bölümçelerde institutyň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutyndan, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinden, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutyndan, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyndan, Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinden, S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-dan, Türkmen oba hojalyk institutyndan, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan, D.Azady adyndaky TMDDI-den, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutyndan, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyndan gelen wekiller çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden netijeli peýdalanyp, Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde esasy orny eýeleýän milli bilimiň hilini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän umumadamzat ähmiýetli işler dogrusynda gürrüň berdiler. Hakykatdan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler amal edilýär. Şonuň netijesinde, ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny yzgiderli kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalar peýdalanylýar, ylmy soňky gazananlary hem-de okatmagyň innowasion usullary ornaşdyrylýar.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bilimli, ukyply, zamanabap tehnologiýalardan baş çykarýan ruhubelent ýaşlary ýetişdirmekde döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Jahantäç ÖWEZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.