30/08/2023
1354
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN YLMY-AMALY MASLAHAT
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Mynasyp bilim we terbiýe ýaşlar strategiýasynyň baş ugry we özenidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, we ýurdumyzyň başga-da birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ylmy-amaly maslahat umumy mejlisden we 4 sany bölümçeden ybarat boldy. Umumy mejlisde hem-de bölümçelerde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha ilerleýändigini, döwletimizde ýaşlara ylym bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Ylmy-amaly maslahatyň bölümçeleri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň orny», «Sagdyn pikirli, hünär taýdan kämil ýaşlar-Watanymyzyň geljegi», «Milli ykdysadyýetiň gülläp ösmeginde bilimiň orny» we «Bilimli nesil-ösüşleriň we ýagty geljegiň özeni» diýlip atlandyryldy. Çykyşlarda ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk döwrebap bilim almaga, saýlan hünärlerini kämil öwrenmäge, dünýägaraýşyny giňeltmäge, alan bilimlerini we başarnyklaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge döwletimizde ähli şertler we mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda biz ýaşlar üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Çeper MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň V ýyl talyby.