Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Bilim ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi
    Bilim ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi surady
    13/05/2023

    746

    Bilim ulgamy türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegi

    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyk 1993-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ýola goýuldy. Iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň esasynda gatnaşyklaryny sazlaşykly alyp barýarlar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň binýady iki döwletiň gyzyklanmalarynyň nazarda tutulmagy arkaly özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslandy hem-de bu günki günde syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen – täjik gatnaşyklarynyň döwletara, hökümetara we pudagara derejelerinde baglaşylan birnäçe halkara resminamalar iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň giň gerimini öz içine alýar. Kabul edilen şertnamalar syýasy, ykdysady, medeni, gumanitar, maýa goýumlary, salgyt we gümrük ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär. Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň çäginde Täjigistan Türkmenistandan nebit önümlerini, arassalanan pagta ýagyny we mundan başgada birnäçe önümler eksport edilýär. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň şaýady bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar uzak möhletleýin we strategik häsiýete eýe bolýar. Döwlet, hökümetara we pudagara derejelerinde gol çekilen köpsanly resminamalary özünde jemleýän kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem hökümet we pudak derejelerinde yzygiderli esasda geçirilýän syýasy geňeşmeler hem-de gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň, gurluşyk we himiýa, azyk, dokma, derman senagatynyň, oba hojalyk ulgamynyň önümleriniň, beýleki harytlaryň söwdasy babatda Täjigistan bilen hyzmatdaşlygy ep-esli derejede giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy. Taraplar ýangyç-energetika, ulag, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezip, anyk teklipleri beýan etdiler. 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Duşenbe şäheriniň «Kasri Millat» köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon dabaraly ýagdaýda türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Hormatly Prezidentimiziň Täjigistana ilkinji döwlet saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 20-den gowragyna gol çekildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň içinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda halkara guramalaryň çäklerinde özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Teswirnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategik barlaglar merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň bardygyny bellemek zerur. Ynsanperwer ulgam hem türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halklarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýar. Türkmenistanyň we Täjigistanyň sungatyna hem-de edebiýatyna ägirt uly özara gyzyklanma bildirilýär. 2023-2024-nji ýyllarda iki ýurduň özara Medeniýet günlerini guramak teklip edildi. Şeýle-de, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek. Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurulmagy-da bu ugurda doganlyk gatnaşyklarynyň mysaly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň esasy ylmy merkezleriniň arasynda göni gatnaşyklary işjeňleşdirmek arkaly tebigy bilimler, saglygy goraýyş, tehniki hem-de ynsanperwer ylymlar ugurlarynda hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge girişmegi teklip etdi. Döwrebap tehnologiýalary, kompýuter enjamlaryny, kitaphanany, naharhanany, sport meýdançalaryny we beýleki düzümleri öz içine alýan bu orta bilim ojagynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde amala aşyrylar. Mekdebiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň bir toparynyň Dusti etrabynda bolýandyklary hem iki halkyň dostlugyndan nyşandyr. Halklaryň ruhy we medeni umumylygyny nazara almak bilen, medeni-ynsanperwer ulgamy, şol sanda bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon türkmen tarapyna Täjigistanda wajyp durmuş ähmiýetli desgany — Magtymguly adyndaky orta mekdebi gurmak baradaky çözgüdi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bilim ulgamy strategik häsiýetli türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz böleginiň biridir. Ýurtlaryň ikisinde-de bilim ulgamynyň ösdürilmegine, innowasion usulyýetleriň hem-de tehnologiýalaryň esasynda olaryň kämilleşdirilmegine möhüm üns berilýär.


    Begenç NURALYÝEW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI