643
Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy
2025-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagyndaky Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň hem-de Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän «Paýhas we parasat» ylmy gurnagynyň guramagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna berkidilen ynsançylyk ugruny we daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredyän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň "Magtymguly – dünýäniň akyldary" atly kitaby bilen baglanşykly "Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty – umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy" atly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary S.Akmyradowa, M.Süleýmanow ýaşlary terbiýelemekde beýik Pyragynyň goşgularynyň ähmiýeti, döredijiligi barada okuwçylara ylmy esasda giňişleýin gürrüň berdiler.
Bu okuw sapagyna Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň agzalary S.Hümmetjumaýew, Ş.Rahmanberdiýewa, M.Alymbaýew mekdep okuwçylaryna Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, ahlaky garaýyşlary onuň döredijiliginde bahar baýramynyň waspy hakynda mekdep okuwçylaryna gyzykly maglumatlary berdiler.
Okuw sapagynyň ahyrynda mekdep okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen halypa mugallymlara ýüzlenip, olara anyk jogaplary aldylar.
Güljemal ORAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler

17/03/2025
Makala bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
17/03/2025
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk