Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / BÄSLEŞIK
    BÄSLEŞIK surady
    06/05/2021

    1196

    BÄSLEŞIK

    Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy,
    şeýle hem Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan güni mynasybetli
    ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda geçiriljek

    BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNLERI

    Halkara ynsanperwerlik hukugyny we Halkara Gyzyl Haç Komitetini esaslandyryjy Anri Dýunanyň doglan gününe bagyşlanyp, 2021-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hukuk fakultetleriniň talyplary üçin halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bäsleşik yglan edýär.

    Bäsleşigiň esasy maksady: Bu bäsleşik Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimleri özünde jemlemek bilen, bäsleşige gatnaşyjylaryň halkara hukugy we halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça bilimlerini artdyrmaga we tejribede ulanmagyna gönükdirilendir.
    Bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda gurnalýar.
    Bäsleşik bilen baglanyşykly ähli meseleler diňe bäsleşigi gurnaýjylar tarapyndan çözülýär. Bu bäsleşige her ýokary okuw mekdebinden 6 sany talypdan ybarat bolan toparlar gatnaşmaly.
    Her toparyň özleriniň saýlap alan nyşany bolmaly.
    Bäsleşik 4 şertden ybarat bolup, bäsleşige gatnaşyjylar öňünden berlen şertlere laýyklykda taýýarlanýarlar. Şeýle hem, şertleri dogry we dürs berjaý etmeklik ähli gatnaşyjylar tarapyndan talaba laýyk ýerine ýetirilmelidir.
    Bäsleşik türkmen dilinde geçirilýär (rus we iňlis dillerinde jogaplar kabul edilýär)
    Bäsleşik döwründe oňa gatnaşyjylar hiç hili päsgelçiliksiz Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça Konwensiýalardan peýdalanyp bilerler.
    Bäsleşigiň netijeleri boýunça emin agzalarynyň gelen kararlary esasynda jemlenýär.
    Bäsleşigiň netijelerine görä, eminler iň gowy topara we iň gowy çykyş edene Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar berler.
    Bäsleşigiň geçişi baradaky ähli maglumatlar institutyň portalynda we institutyň web-saýtynda (www.iirmfa.edu.tm) ýerleşdiriler.
    Bäsleşigiň geçiriljek ýeri we wagty: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. 2021-nji ýylyň 7-nji maýy. Sagat 14:00.

    Jogapkär: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy, “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagy. (D.Ballyýewa)

    Bäsleşigiň şertleri:
    Tanyşdyrylyş: ­(her topar özüniň adyny we saýlap alan adynyň maksadyny düşündirmeli, çekilen görnüşde plakatlary we emblemalary bolmaly) dowamlylygy 5 minut.
    Dürli soraglar: (alyp baryjy tarapyndan beriljek soraglara anyk dilden jogap bermek)
    Topar baştutanlarynyň bäsleşigi: (toparlaryň baştutanlary bije çekmek arkaly özüne düşen soraga jogap bermeli)
    Halkara ynsanperwerlik hukugy boýunça prezentasiýa ýa-da wideorolik taýýarlamak: (dowamlylygy 5-7 minut)

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI