Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek
    25/05/2024

    1675

    Baş maksat — parahatçylyk dialogynyň medeniýetini ilerletmek

    Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik öz işine başlady. Halkara bäsleşige Merkezi Aziýa we Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden jemi 250-den gowrak gatnaşyjy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-a golaý magistrler we talyplar, şeýle hem Türkmenistanyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşdylar.
    Halkara bäsleşigiň açylyş dabarasy TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz we döredijilik toparlarynyň bilelikde taýýarlan baýramçylyk konserti bilen badalga aldy. Açylyş dabarasynda türkmen we bäsleşige gatnaşyjy döwletleriň dillerinde ýaňlanan aýdymlar dost-doganlyga, parahatçylyga çagyryşyň belent nusgasy boldy.
    Halkara bäsleşigiň guramaçylyk topary daşary ýurtly gatnaşyjylaryň göwnejaý dynç almaklary üçin hem uly şertleri döretdiler. Gatnaşyjylar halkara bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeklerine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine, şeýle-de paýtagtymyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna, söwda we dynç alyş merkezlerine aýlanyp gördüler. Gezelençler myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň şahsy tapgyrynyň netijelerine görä, gatnaşyjylar 21 altyn, 36 kümüş we 46 bürünç medal gazandylar. Şol sanda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplary 3 altyn we 8 kümüş medala mynasyp boldular. Şeýle-de halkara bäsleşigiň toparlaýyn tapgyrynda 3 topar altyn, 5 topar kümüş we 8 topar bürünç medal gazandy. Ýeri gelende aýtsak, toparlaýyn tapgyrda TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryndan düzülen 2 topar altyn medala mynasyp boldy.
    Halkara bäsleşige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Demokratik partiýasy, Kärdeşler arkalaşyklary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, «Aýdyň gijeler», «Türkmen Forum», «Saraýan», «Muhammet Balkan» hojalyk jemgyýetleri, «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, «Abadan haly» AGPJ, «Awtoýoly», «Täç Hil», «Ak menzil», «Röwşen», «Bir kuwwat», «Altyn tug», «Kämil ussat», «Erkin gurluşyk», «Mary travel» hususy kärhanalary, «Halkara audit» okuw merkezi we ykdysady jemgyýeti, «Ýedi dogan», «Bürgüt», «Düwmejik», «Ada production» studiýalary hemaýatkärlik etdiler.
    Ýeňijileri sylaglamak we ýapylyş dabarasy özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Halkara bäsleşigiň şahsy we toparlaýyn tapgyrlarynda ýeňiji bolan talyplara hem-de magistrlere guramaçylar tarapyndan Diplomlar, medallar, gymmatbahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler şeýle mümkinçilikleri döredýän, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmäge uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Ýeňijileriň ýürek buýsançlary sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşyp, dabara gatnaşanlara ruhubelentlik duýgusyny bagyşlady. Dürli dillerde ýaňlanan aýdym-sazlarda halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
    Ýurdumyzda bu halkara bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, talyplaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak zerurlygyndan, şeýle hem ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmek işlerini geçirmek, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir. Şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamadaky parahatsöýüjilik, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek baradaky tagallalary wagyz etmek ýörelgelerinden gözbaş alýan bu halkara bäsleşik ýurtlaryň arasyndaky ylym-bilim ugurly gatnaşyklaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

    Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/84141/asgabatda-halkara-gatnasyklary-parahatcylyk-dialogynyn-medeniyeti-atly-halkara-baslesigin-jemi-jemlendi
    https://salamnews.tm/rus/news/blog/v-ashkhabade-zavershil-svoiu-rabotu-mezhdunarodnyi-konkurs-mezhdunarodnye-otnosheniia-kul-tura-mirnogo-dialoga-b7ff8e

    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI