Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Bagtyýar nesilleriň şatlygy
    Bagtyýar nesilleriň şatlygy
    Bagtyýar nesilleriň şatlygy
    Bagtyýar nesilleriň şatlygy
    05/07/2024

    1034

    Bagtyýar nesilleriň şatlygy

    Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezi Gökdere jülgesiniň gözel we täsin künjeginde ýerleşýär. Bu ýerde möwsümiň ikinji tapgyrynda okuwçylaryň 300-si dynç alyp, wagtyny şadyýanlykda geçirýär.
    Öňňin merkezde guralan «Şatlyk mekany Gökdere» atly döredijilik bäsleşigi bagtyýar nesillere ýatdan çykmajak pursatlary paýlady. Oňa ajaýyp jülgede ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerindäki zehinli çagalaryň uly topary gatnaşdy. Bäsleşikde çagalar aýdymdyr goşgy aýtmak, tans etmek, edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olar öz çykyşlarynda eziz Watanymyzyň, gözel tebigatyň, bagtyýar çagalygyň waspyny ýetirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanç sözlerini beýan etdiler. Döredijilik işleriniň sergisi, «Jan Watanym Türkmenistan!» diýen tema boýunça asfaltyň ýüzüne surat çekmek bäsleşige aýratyn öwüşgin çaýdy. Çäräniň ahyrynda tapawutly çykyş edenlere ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
    — Merkezimizde çagalar uly alada bilen gurşalýar. Özara bäsleşiklerdir beýleki çäreler dynç alşyň her bir pursadyna aýratyn many-mazmun çaýýar. Sport ýaryşlary, aýdym-sazly we beýleki dabaralar dynç alýanlara ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary bagyş edýär. Şeýle çärelere ýaş nesliň höwesi örän uly. Çäreleriň ählisi ýokary guramaçylykly geçirilýär. Möwsümiň birinji tapgyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ýörite hepdelik, onuň çäklerinde ýaş aýratynlygyna laýyklykda çeper okaýyşlar, zehin we döredijilik bäsleşikleri hem geçirildi. «Sagdyn nesil — kuwwatly Watan», «Kim çalasyn?» ýaly sport ýaryşlarynda, «Gyz eli işde, döredýär ajap keşde» atly el işleriniň, «Kim bilmeşek?» atly zehin bäsleşiklerinde tapawutlananlara sowgatlaryň gowşurylmagy ruhubelentlik döretdi. Şular ýaly gyzykly bäsleşikleri ikinji tapgyrda-da geçirmek göz öňünde tutulýar — diýip, «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň direktory Jemal Berdiýewa söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
    Merkezde çagalaryň her bir gününiň manyly geçmeginde kompýuter, hünär we döredijilik, oýun oýnalýan, aýdym-saz otaglarynyň ähmiýeti diýseň uly. Döredilen döwrebap şertler okuwçylaryň gözýetiminiň giňelmeginde we täze okuw ýylyna täze güýç bilen barmagynda hem ähmiýetlidir.

    Aýlar ATAJYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
    Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.

    Çeşme: "Türkmenistan" gazeti - 04.07.2024 ý. // https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/155037

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI