25/12/2024
2702
“BAGTYÝAR ÇAGALAR – PARAHATÇYLYGYŇ MIWESI” ATLY SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebinden, Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebinden, Ynsançylyk ugruny we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen
76-njy orta mekdebinden hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň 21-nji ýöriteleşdirilen okuw - terbiýeçilik mekdebi bilen bilelikde 2024-2025-nji okuw ýylynda geçiriljek çäreleriň çäginde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Bagtyýar çagalar – parahatçylygyň miwesi” atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Aşgabat şäher häkimliginiň
21-nji ýöriteleşdirilen okuw - terbiýeçilik mekdebi I orna, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 37-nji orta mekdebi II orna, Annanyýaz Artyk adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 68-nji orta mekdebiniň hem-de Ynsançylyk ugruny we daşary ýurt dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebiniň
okuwçylary III orna mynasyp boldular, ýeňiji bolan mekdepler institut tarapyndan hormat hatlary bilen sylaglandy.
Maksat ALYMBAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler


22/02/2025
Wagyz-nesihat çäresi geçirildi