07/09/2023
2112
BAE-niň Diplomatik akademiýasy bilen türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda «Bitarap Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilip, sebit we halkara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Şonuň esasynda dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň gerimi has-da giňelip, ýurdumyzyň halkara bileleşikdäki orny yzygiderli pugtalanýar.
Türkmenistan parahatçylyksöýüjilik, oňyn bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli amala aşyrmak bilen dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogar döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly netijeli häsiýetini bellemek zerurdyr. Bu hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykaryldy we baýlaşdyryldy.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde depginli ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagyna türkmen-emirlik hyzmatdaşlygyna mahsus ynanyşykly, özara hormat goýmak esasyndaky ýokary derejedäki dialog ýardam berýär.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýola goýuldy we 2002-nji ýylyň 20-nji awgustynda BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy açyldy. Geçen ýyllaryň dowamynda iki ýurduň arasyndaky ýokary derejedäki saparlar we olaryň netijesinde ähli ugurlar babatda gol çekilen ylalaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin berk binýat boldy. Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeniýet, ylym-bilim çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Häzirki döwürde türkmen-emirlik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýan bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryň netijeli ösýändigini belläp geçmek zerurdyr. Onuň aýdyň mysaly hökmünde, hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini mysal getirmek bolýar. Bu bolsa Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek ýolundaky ýene bir möhüm ädim boldy.
Bilşimiz ýaly, Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasy (AGDA) global durnuklylygy üpjün etmäge we halkara parahatçylygy berkitmäge, Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet gullugynyň we diplomatiýasynyň ösmegine uly goşant goşjak hünärmenleri taýýarlaýar. Şeýle-de, Akademiýanyň işiniň esasy maksady halkara gatnaşyklary boýunça möhüm meseleleri içgin öwrenip we seljerip, ony diplomatik gullukda ulanmak ukybyny kemala getirip bilýän döwlet işgärlerini taýýarlamakdan ybaratdyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky bilim hyzmatdaşlygy has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna gelmegi, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň öňünde çykyş etmegi hem anyk subutnamadyr. Bu çäreler iki ýurduň arasyndaky baglaşylan Ähtnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde ähmiýetli ädimleriň biri boldy.
Saparyň dowamynda BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň wekilçilikli topary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw studiýasyna, “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazetiniň redaksiýasyna, “Parahatçylygyň ýaş çaparlary” akyl-paýhas bäsleşiginiň geçýän ýeri bolan Ak öýe, Türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezlerine aýlanyp gördüler.
Soňra Diplomatik Akademiýanyň Baş direktory Nikolaý Mladenowyň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň öňünde çykyşy boldy. Tejribeli diplomat Nikolaý Mladenow çykyşynyň dowamynda diplomatik işiň aýratynlyklary, şahsy tejribesi, Innowasiýa diplomatiýasy, Howa diplomatiýasy we türkmen-emirlik gatnaşyklarynyň esasy ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi. Mälim bolşy ýaly, Bolgariýanyň hökümetinde dürli jogapkärli wezipelerde we BMG-niň ulgamynda Ýakyn Gündogaryň meseleleri boýunça dürli wekilçiliklerde zähmet çeken Nikolaý Mladenow Ýakyn Gündogaryň, hususan-da, BAE-niň diplomatik gullugynyň aýratynlyklaryny içgin bilýän tejribeli diplomatdyr. Şonuň üçin hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik Akademiýasynyň Baş direktorynyň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň we professor-mugallymlarynyň öňündäki çykyşy örän ähmiýetlidir. Ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda BAE-niň diplomatik işgärleri taýýarlamak babatyndaky tejribesi hem öwrenerliklidir. Tejribeli diplomatyň çykyşy biziň talyplarymyzda we professor-mugallymlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. Duşuşygyň dowamynda biziň talyplarymyzyň Baş direktor Nikolaý Mladenowa özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenmegi bolsa, hormatly myhmanyň çykyşynyň täsirli geçendiginiň aýdyň şöhlelenmesidir.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz:
https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/others/sostoyalsya-vizit-delegacii-oae-v-institut-mezhdunarodnyh-otnoshenij-mid-turkmenistana-71173d