Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi
    "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi surady
    30/11/-0001

    799

    "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi

    2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan "Men gözelligi döredýärin" şygar astynda "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

    Täsirli gurnalan bu çäre "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly serginiň açylyşy bilen başlandy. Sergide türkmen halkynyň özboluşly milli mirasyny beýan edýän amaly-haşam, zergärçilik, senetçilik we haly-keçe önümleriniň görkezilişi boldy. Aýratyn hem türkmen zenanlarynyň ýokary ussatlyk bilen döwrebap şekilde taýýarlap, milli öwüşginde halka ýetirilen el işleri, türkmen milli keşdeleri bilen bezelen sagat önümleri, matalaryň ýüzüne çekilen ajaýyp surat eserleri, ahalteke bedewlerini bezemek üçin niýetlenip aýratyn ussatlyk bilen ýasalan zergärçilik önümleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ajaýyp sungat eserleri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dizaýn ugry boýunça ösdürilmegine we tanalmagyna her bir ýaşaýjynyň goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

    Serginiň dowamy "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat bilen utgaşyp gitdi. Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli   toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şäher gurluşy müdirliginiň başlygy Tirkiş Täjiýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Orazjemal Geldiýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy,  taryh ylymlarynyň kandidaty  Ajap  Baýryýewa,  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Ýazgeldi Çaryýew çykyş etdiler.

    Çykyşlarda Aşgabat şäheriniň taryhy ösüş ýoly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan okgunly syýasatynyň netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak, Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri, türkmen paýtagtynyň sebitde we halkara derejesinde eýeleýän möhüm orny  dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan, özboluşly dizaýnerçilik usulynda milli we döwrebap öwüşginde gurlan Aşgabat şäheriniň binagärçilik desgalary şäheriň halkara ykrarnama eýe bolmagynda möhüm esaslaryň biri bolup durýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

    Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Aşgabadyň halkara derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


    Aýbölek Kakabaýewa, Jemal Rematullaýewa,

    ÝUNESKO-nyň işleri barada

    Türkmenistanyň Milli toparynyň 

    Sekretariatynda önümçilik tejribeligindäki 

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

     Halkara gatnaşyklary fakultetiniň

    4-nji ýyl talyplary.


    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!

    https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64640/asgabat-dizayn-saherim-atly-maslahat-we-sergi-gecirildi

    https://yashlar.gov.tm/item/3762

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI