601
"Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi
2022-nji ýylyň 5-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariaty, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan "Men gözelligi döredýärin" şygar astynda "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat we sergi geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Täsirli gurnalan bu çäre "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly serginiň açylyşy bilen başlandy. Sergide türkmen halkynyň özboluşly milli mirasyny beýan edýän amaly-haşam, zergärçilik, senetçilik we haly-keçe önümleriniň görkezilişi boldy. Aýratyn hem türkmen zenanlarynyň ýokary ussatlyk bilen döwrebap şekilde taýýarlap, milli öwüşginde halka ýetirilen el işleri, türkmen milli keşdeleri bilen bezelen sagat önümleri, matalaryň ýüzüne çekilen ajaýyp surat eserleri, ahalteke bedewlerini bezemek üçin niýetlenip aýratyn ussatlyk bilen ýasalan zergärçilik önümleri sergä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Bu ajaýyp sungat eserleri gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň dizaýn ugry boýunça ösdürilmegine we tanalmagyna her bir ýaşaýjynyň goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Serginiň dowamy "Aşgabat – dizaýn şäherim" atly maslahat bilen utgaşyp gitdi. Maslahatda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy Ýazmuhammet Öwezberdiýew, Türkmenistanyň halk suratkeşi, meşhur heýkeltaraş Saragt Babaýew, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş binagärlik we şäher gurluşy müdirliginiň başlygy Tirkiş Täjiýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Orazjemal Geldiýewa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, taryh ylymlarynyň kandidaty Ajap Baýryýewa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymy Ýazgeldi Çaryýew çykyş etdiler.
Çykyşlarda Aşgabat şäheriniň taryhy ösüş ýoly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan okgunly syýasatynyň netijesinde ak mermere beslenen paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak, Aşgabady ÝUNESKO-nyň şäherleriniň döredijilik toruna “Dizaýn” ugry boýunça girizmek babatynda güýçli depginde alnyp barylýan taýýarlyk işleri, türkmen paýtagtynyň sebitde we halkara derejesinde eýeleýän möhüm orny dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun alan, özboluşly dizaýnerçilik usulynda milli we döwrebap öwüşginde gurlan Aşgabat şäheriniň binagärçilik desgalary şäheriň halkara ykrarnama eýe bolmagynda möhüm esaslaryň biri bolup durýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, Aşgabadyň halkara derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Aýbölek Kakabaýewa, Jemal Rematullaýewa,
ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň Milli toparynyň
Sekretariatynda önümçilik tejribeligindäki
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
4-nji ýyl talyplary.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64640/asgabat-dizayn-saherim-atly-maslahat-we-sergi-gecirildi
Последние новости
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI