Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
        • 2026-NJY ÝYLDA YLMYŇ UGURLARY BOÝUNÇA ASPIRANTURA, DOKTORANTURA KABUL EDILJEK ASPIRANTLARYŇ, DOKTORANTLARYŇ HEM-DE ALYMLYK DEREJELERINE DALAŞGÄRLIGE HASABA ALYNJAK DALAŞGÄRLERIŇ SANY BARADA MAGLUMAT
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • SANLY ULGAM ARKALY GEÇIRILEN DUŞUŞYK
        • Türkmenistanyň Ilçisi Kataryň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory bilen duşuşdy
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
        • Diplomatik protokol boýunça gysga möhletli okuwlar başlady
    • Media
    Esasy / Wakalar / Aşgabat – Daşkent: bilermenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy
    Aşgabat – Daşkent: bilermenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy surady
    30/11/-0001

    1379

    Aşgabat – Daşkent: bilermenleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy

    2022-nji ýylyň 12-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň gurnamagynda “Özbegistan we Türkmenistan: hyzmatdaşlygyň täze taryhy eýýamynda ösüşiň gelejegi” atly halkara maslahaty geçirildi. Bu maslahata türkmen wekiliýeti hökmünde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew we merkeziň ylmy işgäri D.Mämmedow, şeýle hem institutyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy M.Berdinyýazow gatnaşdylar. Özbek tarapyndan bolsa, maslahatyň işine Özbegistanyň seljeriş barlaglar we ylmy edaralarynyň bilermenleri, Oliý Majlisiniň we Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
    Maslahatyň açylyşy Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň direktory A.Nasirowyň we Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň giriş sözlerinden başlady. Soňra maslahatyň işi iki bölümçede dowam etdi. Birinji bölümçäniň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady we söwda gatnaşyklary barada çykyşlar edildi, şeýle-de ulag we energetika pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek barada pikirler alşyldy. Ikinji bölümçede iki dostlukly ýurduň arasyndaky medeni hem-de durmuş-ynsanperwer gatnaşyklary barada bilermenler öz garaýyşlaryny beýan etdiler. Maslahatyň gidişi ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan şöhlelendirildi.
    Maslahatyň ahyrynda Merkezi Aziýanyň halkara institutynyň hem-de Özbegistanyň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň kitaphanalary üçin Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy barada ylmy we okuw kitaplary gowşuryldy. Guramaçylar öz gezeginde “Merkezi Aziýada täze Özbegistan we sebit hyzmatdaşlyk” atly ylmy-usuly ýygyndysyny sowgat etdiler.
    Günüň ikinji ýarymynda Daşkent şäherine iş sapary bilen gelen türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň şäheriň gözel ýerlerine, şol sanda “Ýeňiş”, “Täze Özbegistan” we türkmen-özbek dostlugy “Aşgabat” seýilgählerine gezelenji gurnaldy.
    Merdan BERDINYÝAZOW,
    Türkmenistanyň DIM-niň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    mugallymy
    Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
    https://www.uzdaily.uz/ru/post/70240
    https://www.uzdaily.uz/ru/post/70249
    https://turkmenportal.com/tm/blog/49351/ozbegistan-we-turkmenistan-osushin-geljekki-gozyetimleri-ozara-gatnashyklaryn-taze-taryhy-tapgyrynda-atly-halkara-maslahat-gechiriler
    https://turkmenportal.com/tm/blog/49377/ozbekturkmen-hyzmatdashlygynda-ulaglogistika-ulgamyny-osdurmegin-mohumdigi-bellenildi
    https://orient.tm/tm/post/38775/asgabat-we-daskent-taze-sertlerde-gatnasyklary-osdurmegin-geljegine-baha-berdiler
    https://orient.tm/ru/post/38770/ashhabad-i-tashkent-ocenili-perspektivy-razvitiya-dialoga-v-novyh-usloviyah
    https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/64846/daskentde-turkmenistanyn-we-ozbegistanyn-bilermenlerinin-gatnasmagyndaky-halkara-maslahat-gecirildi

    Soňky täzelikler

    YLYM-BILIM ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAKDA TÄZE ÄDIM surady

    03/02/2026

    YLYM-BILIM ULGAMYNY DÖWREBAPLAŞDYRMAKDA TÄZE ÄDIM
    Talybymyz birinji ornuň eýesi surady

    06/12/2025

    Talybymyz birinji ornuň eýesi
    “Parahatçylyk we ynanyşmak – netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi” atly iňlis dilindäki breýn-ring bäsleşigi geçirildi surady

    22/10/2025

    “Parahatçylyk we ynanyşmak – netijeli hyzmatdaşlygyň ýörelgesi” atly iňlis dilindäki breýn-ring bäsleşigi geçirildi
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI