06/07/2023
734
Arkadag şäherine “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi hakyndaky diplomyň gowşurylmagy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Ine, muňa ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap merkez şäher bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy aýdyň mysal bolup durýar.
Bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda alnyp barylýan ata Watanymyzy ykdysady, medeni, ylym-bilim babatda ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň anyk şaýady bolup durýar. Aýratyn-da, bu şäheriň ata-babalarymyzyň gadymy mekanlarynyň biri bolan Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşmegi bolsa, türkmen halkynyň taryhyna, gadymy däp-dessurlaryna bolan çäksiz sarpasynyň mysaly bolup durýar.
Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen ajaýyp binalarda ata-babalarymyzyň gadymy şähergurluşyk däpleri döwrebap binagärçilik sungaty bilen utgaşyp, durmuş-medeni, sport, ylym-bilim ulgamlaryna niýetlenen desgalaryň gözelligini has-da artdyrýar. Şäherde bina edilen Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de ýaşaýyş jaýlary ýaly birnäçe dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärçilik desgalaryna taryhy şahsyýetlerimiziň adynyň dakylmagy merdana pederlerimize bolan sarpanyň ýene bir gezek subutnamasy bolup durýar.
Şäherde dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ýaşaýjylar üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa şäheriň dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda sebitiň täze merjeniniň uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arkadag şäheriniň açylyşyna dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň birnäçesiniň gatnaşmagy muňa doly şaýatlyk edýär. Olaryň arasynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy halkara guramasynyň wekilleri hem bar. Bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglylykda GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy senenamasy
Türkmenistanyň GDA bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolan mysallara örän baýdyr. Ýagny, 2007-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi, 2009-njy ýylyň aprelinde Arkalaşyga agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşi geçirildi. Şol ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda GDA girýän ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň birinji forumy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň işine 2012-nji we 2019-njy ýyllarda baştutanlyk etmek bilen hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary bolan energetika, ulag, oba-hojalygy we beýleki ulgamlarda ýokary derejeli çäreleri geçirdi. Türkmenistanyň GDA-nyň işine ýolbaşçylyk etmegi sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň çözülmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, şeýle-de GDA-nyň Türkmenistanyň ýolbaşçylygy boýunça konsepsiýasynyň çäklerinde ähli möhüm çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berdi.
Türkmenistanyň GDA bilen medeni-ynsanperwer ulgamda oňyn hyzmatdaşlygynda ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli şäherleriniň “Arkalaşygyň medeni paýtagty” hökmünde saýlanmagynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. 2012-nji ýylda UNESCO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşulan Mary şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy Türkmen döwletiniň şöhratly taryhyny öwrenmäge gönükdirilen işlere badalga bolupdy. GDA-nyň taryhçy alymlarynyň, mirasy öwrenijileriniň gadymy Merw topragyny öwrenmeklige giň ýol açanlygyny bellemek möhümdir. 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaklyga giň mümkinçilik döretdi.
Şeýle-de ýaňy ýakynda, ýurdumyzda bina edilen Arkadag şäherine GDA-nyň “Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy” assosiasiýasynyň şäher gurluşynda “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin ýörite diplom gowşurylmagy Arkadag şäheriniň ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, döwrebap şäherdigini subut edýän nobatdaky halkara ykrarnama bolup durýar. Geljekde hem, GDA bilen ýurdumyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini tüýs ýürekden ynanýarys!
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI