Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Arkadag şäherine “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi hakyndaky diplomyň gowşurylmagy
    Arkadag şäherine “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi hakyndaky  diplomyň gowşurylmagy surady
    06/07/2023

    870

    Arkadag şäherine “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi hakyndaky diplomyň gowşurylmagy

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde ata Watanymyz bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere beslenýär. Ine, muňa ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze, döwrebap merkez şäher bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy aýdyň mysal bolup durýar.
    Bu täsin şäheriň gurulmagy ýurdumyzda alnyp barylýan ata Watanymyzy ykdysady, medeni, ylym-bilim babatda ösdürmäge we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň anyk şaýady bolup durýar. Aýratyn-da, bu şäheriň ata-babalarymyzyň gadymy mekanlarynyň biri bolan Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşmegi bolsa, türkmen halkynyň taryhyna, gadymy däp-dessurlaryna bolan çäksiz sarpasynyň mysaly bolup durýar.
    Arkadag şäherinde gurlup ulanylmaga berlen ajaýyp binalarda ata-babalarymyzyň gadymy şähergurluşyk däpleri döwrebap binagärçilik sungaty bilen utgaşyp, durmuş-medeni, sport, ylym-bilim ulgamlaryna niýetlenen desgalaryň gözelligini has-da artdyrýar. Şäherde bina edilen Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphananyň, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň binalary hem-de ýaşaýyş jaýlary ýaly birnäçe dünýä ülňülerine laýyk gelýän binagärçilik desgalaryna taryhy şahsyýetlerimiziň adynyň dakylmagy merdana pederlerimize bolan sarpanyň ýene bir gezek subutnamasy bolup durýar.
    Şäherde dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, ýaşaýjylar üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Bu bolsa şäheriň dünýä jemgyýetçiliginiň arasynda sebitiň täze merjeniniň uly meşhurlyga eýe bolmagyna getirdi. Arkadag şäheriniň açylyşyna dünýä döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň birnäçesiniň gatnaşmagy muňa doly şaýatlyk edýär. Olaryň arasynda Garaşsyz döwletleriň arkalaşygy halkara guramasynyň wekilleri hem bar. Bu günki günde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesinden gelip çykýan halkara borçlary bilen baglylykda GDA assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar. Türkmenistan GDA-nyň çäklerindäki ykdysady, medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze taryhy senenamasy
    Türkmenistanyň GDA bilen işjeň hyzmatdaşlygynyň subutnamasy bolan mysallara örän baýdyr. Ýagny, 2007-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşi, 2009-njy ýylyň aprelinde Arkalaşyga agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň geňeşi geçirildi. Şol ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda GDA girýän ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini öndürijileriň birinji forumy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň işine 2012-nji we 2019-njy ýyllarda baştutanlyk etmek bilen hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary bolan energetika, ulag, oba-hojalygy we beýleki ulgamlarda ýokary derejeli çäreleri geçirdi. Türkmenistanyň GDA-nyň işine ýolbaşçylyk etmegi sebit we dünýä ähmiýetli meseleleriň çözülmeginde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, şeýle-de GDA-nyň Türkmenistanyň ýolbaşçylygy boýunça konsepsiýasynyň çäklerinde ähli möhüm çäreleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berdi. Türkmenistanyň GDA bilen medeni-ynsanperwer ulgamda oňyn hyzmatdaşlygynda ýurdumyzyň taryhy ähmiýetli şäherleriniň “Arkalaşygyň medeni paýtagty” hökmünde saýlanmagynda aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. 2012-nji ýylda UNESCO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşulan Mary şäheriniň GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy Türkmen döwletiniň şöhratly taryhyny öwrenmäge gönükdirilen işlere badalga bolupdy. GDA-nyň taryhçy alymlarynyň, mirasy öwrenijileriniň gadymy Merw topragyny öwrenmeklige giň ýol açanlygyny bellemek möhümdir. 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Arkalaşygyň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy türkmen medeniýetini dünýä ýaýmaklyga giň mümkinçilik döretdi.
    Şeýle-de ýaňy ýakynda, ýurdumyzda bina edilen Arkadag şäherine GDA-nyň “Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy” assosiasiýasynyň şäher gurluşynda “akylly” şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin ýörite diplom gowşurylmagy Arkadag şäheriniň ýokary derejeli innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen, döwrebap şäherdigini subut edýän nobatdaky halkara ykrarnama bolup durýar. Geljekde hem, GDA bilen ýurdumyzyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini tüýs ýürekden ynanýarys!

    Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI