28/10/2026
94
Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine täsirli gezelenç
2026-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň “Paýhas we parasat”, Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnaklarynyň hem-de “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň bilelikde gurnamagynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy.
Gezelenjiň dowamynda hünärmenler Arkadag şäherindäki muzeýiň aýratynlygy we ata-babalarymyzyň gadymy durmuşy, taryhy we medeniýetine degişli arheologiki tapyndylary, tebigaty we Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň gazanan üstünlikleri hakda gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Şeýle-de olaryň ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy, gadymy medeniýeti we sungaty, däp-dessurlary, ýaşaýyş aýratynlygy, türkmen halylary, zergärçilik önümleri we gadymy geýim-gejimler arkaly halkymyzyň gündelik durmuşynyň janlandyrylyşy baradaky maglumatlar, şol döwürdäki ýaşaýşymyzyň sungat ussatlarymyz bolan suratkeşlerimiziň, heýkeltaraşlarymyzyň eserlerinde beýan edilmegi talyplarda uly gyzyklanma döretdi.
Şeýle-de talyplary Arkadag şäheriniň gözel künjeklerine aýladylar. Şäheriň ekologik taýdan arassa, akylly we döwrebaplaşdyrylan ýerlerini görmek talyplarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu gezelenç örän täsirli we ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy.
Maksat ŞAKIRJANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby