03/07/2023
1169
Arkadag şäheri - türkmen diplomatiýasynyň täze merkezi
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde il ähmiýetli, ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Günortada sary uzap gidýän Köpetdagyň gözel künjeginde döredilen Arkadag şäheri, hut Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň ajaýyp eseridir. Bu gözel şäher berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edip, bu ýerde milli we häzirkizaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşlerine we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydygyna ünsi çekýär.
Şäheriň merkezinde türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen Arkadag hem-de Akhan atly monumentleriň gurulmagy, eýýäm türkmen halkymyzyň milliligine uly sarpanyň goýulýandygynyň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Eýýäm şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowamynda türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň aýlanyp, şäheriň binagärçiligi bilen ýakyndan tanyş bolmagy uly many-mazmuna eýe boldy. Tanyşlygyň barşynda diplomatlar bu ýerde gurlan Akhan monumentiniň hem-de Döwlet sirkiniň, muzeýiniň, sport meýdançalarynyň, kottej ýaşaýyş jaý toplumynyň we başga-da birnäçe desgalaryň aýratynlyklaryny synladylar. Türkmen diplomatlary bu ajaýyp şäheriň Türkmenistanda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleriň aýdyň mysalydygyny nygtadylar we ýurduň gazanýan ösüşlerini, ýetýän belent sepgitlerini öz işleýän döwletlerinde mundan beýläk-de wagyz edip, ýurdumyzyň şan-şöhratyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar.
Arkadag şäheriniň Buharestde, Belarusda, Astrahanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Lýuksemburgda, Pakistanda, şeýle hem beýleki daşary ýurt döwletlerinde köpçülige tanyşdyrylmagy eýýäm sebitiň täze merjeniniň geljekde halkara gepleşikleriň arzyly mekany boljakdygyna güwä geçýär.
Şäheriň her bir köçesi, her bir ymaraty nesillere watanperwerlik, şu topraga mähriňi siňdirmek, zähmetsöýerlik baradaky pelsepä ýugrulan. Sebäbi olaryň her biri Döwletmämmet Azady, Aba Annaýew, Berdimuhamet Annaýew, Keýmir kör, Şükür bagşy, Saçly Dursunowa, Aman Gulmämmedow, Sahy Jepbarow ýaly şu topraga yhlas-söýgüsini siňdiren ynsanlaryň adyny göterýär. Geljekde, Arkadag şäheri bilen bilelikde tutuş ýurdumyzda Aba Annaýewiň, Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly edermenlikleriniň, Keýmir serdaryň şöhratly taryhynyň, Saçly Dursunowanyň türkmen zenanlaryna nusgalyk bitiren hyzmatlarynyň, Şükür bagşynyň, Sahy Jepbarowyň parahatçylyk owazlarynyň belent ýaňlanjakdygyna uly ynam bildirýäris.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa
kafedrasynyň öwreniji mugallymy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI