Logo
  • Logo
    • Science
      • Research activities
      • Postgraduate study
      • Scientific and practical conferences
      • 300th anniversary of Magtymguly Fragi
        • « Magtymguly, my word is short, has much meaning... » (Magtymguly Fragi)
        • «Magtymguly, tongue will speak of the destan... » (information about Magtymguly collected from websites)
        • Video recording of Magtymguly Fragi's poems
        • Collection of audio recordings of Magtymguly Fragi's poems
        • Magtymguly Fragi in the world press
        • Publications of Magtymguly Fragi's poems in foreign languages
        • Explanatory Dictionary of Magtymguly
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Scientific articles, abstracts and collections
      • Council of Young Scientists
    • International cooperation
      • Meetings
        • BOOK AWARD CEREMONY BY THE NIPPON FOUNDATION
      • Visits
      • Ambassadors' lectures
      • International days
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • UNESCO Club "Culture of Peace"
    • Faculties
      • FACULTY OF INTERNATIONAL RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL LAW
      • FACULTY OF INTERNATIONAL ECONOMIC RELATIONS
      • FACULTY OF INTERNATIONAL JOURNALISM
    • About us
      • Administration
      • Departments
        • Department of International Relations and Diplomacy
        • Department of International Law and Comparative Law Studies
        • Department of International Economic Relations
        • Department of Theory and Practice of Journalism
        • Department of Social Sciences
        • Department of World Languages
      • Indicators
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • About us
    • Education
      • Specialties
      • Applicants
    • Centers
      • Scientific Center for Strategic Studies
      • School of Young Diplomats
      • Department of Digital Systems and Communications
      • Scientific and Methodological Center for the Sustainable Development Goals
        • A training session on the Sustainable Development Goals was held
      • Young Messengers of Peace
      • Training Center for Priority Areas of Diplomacy of Turkmenistan
        • Transport diplomacy
        • Energy Diplomacy
        • Water diplomacy
        • Preventive diplomacy
        • Economic diplomacy
      • Diplomatic Protocol Training Center
    • Ambassadors
    • Media
    Main / Articles / Arkadag şäheri - türkmen diplomatiýasynyň täze merkezi
    Arkadag şäheri - türkmen diplomatiýasynyň täze merkezi surady
    03/07/2023

    1391

    Arkadag şäheri - türkmen diplomatiýasynyň täze merkezi

    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, döwrebap obalary, şäherleri gurmakda, durmuşymyzyň ähli ugurlaryna sanly ulgamy, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmakda, sebitleri hemmetaraplaýyn ösdürmekde, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmekde il ähmiýetli, ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär. Günortada sary uzap gidýän Köpetdagyň gözel künjeginde döredilen Arkadag şäheri, hut Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungatynyň ajaýyp eseridir. Bu gözel şäher berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edip, bu ýerde milli we häzirkizaman binagärliginiň ösen tejribeleri utgaşdyrylyp, önümçilik medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy ata Watanymyzyň döwrebap ösüşlerine we milliligimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydygyna ünsi çekýär. Şäheriň merkezinde türkmeniň göz guwanjy bolan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen Arkadag hem-de Akhan atly monumentleriň gurulmagy, eýýäm türkmen halkymyzyň milliligine uly sarpanyň goýulýandygynyň aýdyň netijesidir. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedew çarpaýa galyp 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Akhan diýen atynyň üstünligi türkmen bedewiniň keşbine ýene bir aýdyň öwüşgin, onuň baky ýitmejek şöhratynyň öwüşgin atýan täjine ýene bir merjen goşdy. Eýýäm şäheriň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowamynda türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň aýlanyp, şäheriň binagärçiligi bilen ýakyndan tanyş bolmagy uly many-mazmuna eýe boldy. Tanyşlygyň barşynda diplomatlar bu ýerde gurlan Akhan monumentiniň hem-de Döwlet sirkiniň, muzeýiniň, sport meýdançalarynyň, kottej ýaşaýyş jaý toplumynyň we başga-da birnäçe desgalaryň aýratynlyklaryny synladylar. Türkmen diplomatlary bu ajaýyp şäheriň Türkmenistanda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikleriň aýdyň mysalydygyny nygtadylar we ýurduň gazanýan ösüşlerini, ýetýän belent sepgitlerini öz işleýän döwletlerinde mundan beýläk-de wagyz edip, ýurdumyzyň şan-şöhratyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy dowam etdirjekdiklerine ynandyrdylar. Arkadag şäheriniň Buharestde, Belarusda, Astrahanda, Täjigistanda, Ermenistanda, Lýuksemburgda, Pakistanda, şeýle hem beýleki daşary ýurt döwletlerinde köpçülige tanyşdyrylmagy eýýäm sebitiň täze merjeniniň geljekde halkara gepleşikleriň arzyly mekany boljakdygyna güwä geçýär. Şäheriň her bir köçesi, her bir ymaraty nesillere watanperwerlik, şu topraga mähriňi siňdirmek, zähmetsöýerlik baradaky pelsepä ýugrulan. Sebäbi olaryň her biri Döwletmämmet Azady, Aba Annaýew, Berdimuhamet Annaýew, Keýmir kör, Şükür bagşy, Saçly Dursunowa, Aman Gulmämmedow, Sahy Jepbarow ýaly şu topraga yhlas-söýgüsini siňdiren ynsanlaryň adyny göterýär. Geljekde, Arkadag şäheri bilen bilelikde tutuş ýurdumyzda Aba Annaýewiň, Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly edermenlikleriniň, Keýmir serdaryň şöhratly taryhynyň, Saçly Dursunowanyň türkmen zenanlaryna nusgalyk bitiren hyzmatlarynyň, Şükür bagşynyň, Sahy Jepbarowyň parahatçylyk owazlarynyň belent ýaňlanjakdygyna uly ynam bildirýäris.

    Rahym AKMURADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.

    Latest News

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Useful Links
    Other
    Contact

    744000, Turkmenistan Ashgabat, Street:Galkhynysh, Building 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 All rights are reserved: TDIMHGI