26/12/2025
62
“Arap dili güni” mynasybetli umumy okuw sapagy guraldy
2025-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda BMG tarapyndan yglan edilen “18-nji dekabr – Arap dili güni” mynasybetli we hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýanyň 80-nji mejlisinde medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we halkara gatnaşyklarynda köpdilliligi goldamak boýunça köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklibiniň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen umumy okuw sapagy geçirildi. Bu umumy okuw sapagyny arap dili mugallymy D.Atanazarow alyp bardy. Institutymyzyň talyplary we mugallymlary bu okuw sapagyna işjeň gatnaşdylar.
Umumy okuw sapagynyň başynda arap dili mugalllymy D.Atanazarow arap dilinuň gurluşy, arap dilinde gürleşýän ýurtlar we halkara gatnaşyklarynda arap diliniň ähmiýeti barada giňişleýin maglumat bilen çykyş etdi. Soňra institutymyzyň arap dilli ýurtlarynda okuw saparlarynda bolup gelen talyplary Mähriban Mämmedowa we Gülçemen Parahadowa prezentasiýalar bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet gurluşy, taryhy we medeniýeti barada gyzykly gürrüňler berdiler we öz tejribelerini paýlaşdylar.
Umumy okuw sapagynyň ahyrynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan temalarda sorag-jogap alyşdylar. Şeýle okuw sapaklarynyň guralmagy talyplarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge uly höwes döredýär. Talyplar özlerine döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz minnetdarlyklaryny beýan edip, ýurdumyzda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikler, rowaçlyklar arzuw etdiler.
Güneş ÝAGMYROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.