08/07/2024
898
Alp Arslan
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Beýik Seljuk türkmenleriň nesilşalygynyň ikinji hökümdary, oguz kowumynyň gaýduwsyz gahrymany,
beýik soltan hem strateg serkerde Alp Arslan Türkmeniň durmuş beýany watanperwerligiň nusgasydyr.
ALP ARSLAN — Beýik Seljuk türkmen imperiýasynyň soltany (hökümdarlyk ýyllary 1064–1072 ý.). Alp Arslan 1029-njy ýylyň 20-nji ýanwarynda Çagry begiň maşgalasynda dünýä inipdir. Çagry beg geljekde dünýä taryhynyň sahypasyna baky girjek ogluna «beýik gahryman arslan» manysyny berýän «Alp Arslan» diýip at dakypdyr.
Alp Arslan çagalygynda Oguz handan gelýän atalyk mekdebini geçipdir. Taryhçy Ibn Esiriň maglumatlaryna görä, Balhdan Dawut Çagry begiň köşgüne gelen Abu Aly Hasan ibn aly at-Tusy şazada Alp Arslana atabeg bellenipdir (Агаджанов С.Г.Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991. – С.100-101), şeýlelikde, Alp Arslan onuň taýýarlamagynda harby tär-tilsimleri ele alypdyr. Ol ýaşlygyndan başlap gaýduwsyz häsiýeti we söweşjeňlik ukyby bilen tapawutlanypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nygtalyşy ýaly, «Akyldar ata-babalarymyz kimde nähili ukyp-zehin bar bolsa, olary ugrukdyryp, türgenleşdirip, kämilleşdirip durar ekeni. Soňra bolsa olara beýik wezipeleri ynanypdyrlar. Adamlaryň ukyp-zehinlerini dogry ýola gönükdirmek bilen, uly utuşlar, ýeňişler, netijeler gazanylýar. Ogly Alp Arslanyň harby sungatdaky başarnyklaryny göreninden soňra, kakasy ony taktika saýlamak, meýilleşdirmek, söweş tilsimlerini saýlamak işlerine ugrukdyrýar. Netijede, soltan Alp Arslan birnäçe sebitleri eýeleýär we taryha şan bolan uly ýeňişlerini gazanýar» (Gurbanguly Berdimuhamedow. Ömrümiň manysynyň dowamaty. – A.: TDNG, 2023. – 245 s.).
Ýokarda aýdylanlaryň hakykatdygyna Alp Arslanyň şazadalyk döwründen alnan ençeme mysallar şaýatlyk edýär. Alp Arslan ýaşlygynda kakasy Çagry begiň ýanynda, şeýle hem özbaşdak birnäçe harby ýörişlere gatnaşypdyr. 1043-1044-nji ýyllarda seljuklardan Balh we Toharystan etraplaryny bölüp aýyrmak isleýän Gaznalylaryň garşysyna ilkinji özbaşdak harby ýörişini gurapdyr. Ol 14-15 ýaşlaryndaky ýaş şazadanyň ilkinji hem-de üstünlik gazanan özbaşdak ýörişi bolupdyr. Geljekki mirasdüşer hökmünde Alp Arslan kakasynyň synagyndan geçipdir. Ýaş şazada Çagry begiň Termez şäherine ýörişinde hem onuň ýanynda bolupdyr. Oglunyň harby ukyplaryna, serkerdelik başarjaňlygyna, döwlet işlerinden oňat baş çykarmaga ukyplydygyna mazaly göz ýetiren Çagry beg Alp Arslany 1058-nji ýylda Beýik Seljuk türkmen şadöwletiniň gündogaryndaky möhüm etraplara — Balh, Toharystan, Termez, Kobadiýan, Wahş we Walwalij etraplaryna häkimlige belläpdir (Piyadeoğlu Cihan. Selçukluların Kuruluş Hikâyesi. Çağrı Bey, Timaş yay., – İstanbul. 2014. – 110 s.). Şol wagt Alp Arslan 29 ýaşynda eken.
Alp Arslan kakasy Çagry beg aradan çykansoň (1060 ý. Mart aýy) Togrul beg aradan çykýança, üç ýyllap oňa tabyn ýagdaýda seljuk türkmenleriniň Horasandaky döwletiniň hökümdary bolupdyr. Döwletiň gündogar çäkleriniň asudalygyny üpjün etmekde Alp Arslan uly hyzmatlary bitiripdir (Köymen M.A. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi. III cilt. Alp Arslan ve zamanı. 4 baskı. – Ankara, 2001, 5 s.). Şol wagt ol 30 ýaşyndaky ýüňi ýeten goç ýigit bolupdyr. Togrul begiň perzendi bolmandyr. Şonuň üçinem tagta onuň agasy Çagry begiň ogly Alp Arslan geçipdir.
1064-nji ýylyň 27-nji aprelinde Alp Arslan Reý şäherinde uly dabara bilen uly şadöwletiň tagtyna çykarylypdyr. Şol wagt ol 35 ýaşyndaky men diýen ýigit bolupdyr. Soltan Alp Arslanyň tagta çykmagy bilen döwletiň gündogar we günbatar bölekleri bir hökümdaryň adalatly edarasy astyna giripdir. Beýik Seljuk türkmen döwleti öň iki bölekden ybarat bolan bolsa, Alp Arslanyň tagta geçmegi bilen ol bitewi bir imperiýa ýagdaýyna gelipdir (Köymen M.A. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi. III cilt. Alp Arslan ve zamanı. 4 baskı. – Ankara, 2001, 13 s.). Seljuk türkmenleriniň taryhyndan meşhur türk alymy M.A.Köýmeniň ýazmagyna görä, Alp Arslanyň tagta çykmagy Beýik Seljuk imperiýasynyň ösüşinde, kämilleşmeginde esasy tapgyrdyr. Imperiýanyň birligi onuň tagta çykmagyndan başlap gazanylypdyr (Köymen M.A. Selçuklu Devri Türk Tarihi.– Ankara, 1998, 100 s.).
Beýik soltan Alp Arslan tagta geçen badyna döwletiň içinde tertip-düzgüni berkitmäge hem-de onuň çäklerini giňeltmäge üns beripdir. 1067-nji, 1069-njy ýyllarda dogany – seljuk türkmenleriniň Kermandaky döwletiniň hökümdary Gara Arslan Gurduň merkezi häkimiýeti gowşatmaga gönükdirilen gozgalaňlaryny basyp ýatyrypdyr (Köymen M.A. Selçuklu Devri Türk Tarihi.– Ankara, 1998, 67 s.).
Alp Arslan Bagdat halyflygy bilen oňat gatnaşyklary alyp barypdyr. Onuň şahsyýetinde tutuş yslam dünýäsiniň halasgärini gören Bagdat halyfy 1064-nji ýylyň 9-njy aprelinde Alp Arslanyň adyna hutba okadyp, onuň soltanlygyny tassyk edipdir. Halyf resmi dabara geçirmek bilen, dünýewi häkimiýeti Alp Arslana bagyşlaýandygyny yglan edip, ony tassyklaýan haty soltana ýollapdyr (Kayhan H. Selçuklular–Abbası Halifeliği İlişkileri. // Türkler. – Ankara, 2002, 4 cilt, 671 s.). Alp Arslana Adudaddöwle (Döwletiň bilegi, berdaşly goly), Abu Şuja (mertligiň atasy), Şahynşahul-agzam (Beýik şalar-şasy), Melikul-Arap wel-Ajem, Seýýidi Mülükül-Ulem (Arabyň-Ajamyň patyşasy), Ziýauddin (Diniň röwşenligi), Gyýasul-Muslimin (musulmanlaryň arkadagy, howandary), Melikul-Yslam (yslamyň patyşasy), Zahyrul-Ymam (Aýdyň, görnetin ymam), Keşful-enam (adamzadyň gaýgysyny açyjy), Täjumille-til-bahire (milletiň lowurdaýan täji), Sultanu Diýarul-Muslimin we Burhanu emirul-möminin (musulman diýarlarynyň soltany we möminleriň emiriniň aýdyň delili) lakamlaryny we ünwanlaryny beripdir. 1064-nji ýylyň 11-nji maýynda zamananyň musulmanlarynyň halyfy bütin yslama uýýan ülkelerdäki metjitlerde soltan Alp Arslanyň adyna hutba okadylmagyny emr edipdir. Onuň adyna pullar zikgelenip, soltanlyk alamatlaryny göterýän eşiklerdir beýleki zatlar döredilipdir (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 119 s.; Köymen M.A.Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi. III cilt. Alp Arslan ve zamanı. 4 baskı. – Ankara, 2001, 12 s.).
Alp Arslan elmydama ähli hutbalarda öz adyndan öňürti abbasy halyfynyň adyny okadypdyr. Alp Arslan halyf bilen ýüzbe-ýüz görüşmedigem bolsa, elmydama oňa uly hormat goýupdyr. Ol halyfy duşmany bolan fatymilere garşy göreşde goldapdyr. Muny onuň Malazgirt söweşiniň öň ýanynda Siriýa–Müsür ýörişine çykmak bilen, sünnüligi goramagam güwä geçýär. Abbasy halyfy Anynyň zabt edilmegi, Malazgirt ýeňşi ýaly möhüm wakalaryň öňüsyrasynda seljuklaryň üstünlik gazanmagy üçin tutuş yslam dünýäsine çagyryş bilen ýüzlenipdir. Bu möhüm ýeňişleri halyf dabaraly ýagdaýda belläpdir (Adalıoğlu H. İlk Selçuklu-Abbası İlişkileri. // Türkler. – Ankara, 2002, 4 cilt, – 662 s.). Malazgirt ýeňşinden soň yslam dünýäsiniň ruhy merkezi Bagdatda we beýleki uly şäherlerde uly dabaralaryň geçirilmegi bu üstünligiň yslam dünýäsi tarapyndan nähili begenç bilen garşylanandygyny görkezýär (Köymen M.A. Selçuklu Devri Türk Tarihi. – Ankara, 1998, – 269 s.).
Alp Arslanyň döwründe Halapda, Mekgede, Medinede öň Fatymileriň adyna okalýan hutba Abbasylaryň adyna okalyp başlapdyr (Çelik A. Fatımı–Selcuklu Münasebetleri // Türkler. – Ankara, 2002, 4 cilt, 748-749 s.). Alp Arslan Malazgirt söweşiniň öň ýanynda Siriýanyň demirgazygynda Fatymileriň adyna okalýan hutbany Abbasylaryň adyna okatmagy başarypdyr.
Seljuk-halyflyk gatnaşyklary Alp Arslanyň döwründe nika baglary bilen has-da berkidilipdir (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.83, 246; Садр ад-Дин ‘Али ал-Хусайни. Ахбар ад-даулат ас-селджукиййа (Зубдат ат-таварих фи ахбар ал-умара’ ва-л-мулук ас-селджукиййа). Изд.текста, введ., перев., примеч. З.М.Буниятова. – М., 1980. – С.12). Alp Arslan Bagdat halyflygy bilen Togrul begiň döwründe başlanan garyndaşlyk gatnaşygyny dowam etdiripdir – gyzyny halyfyň mirasdüşeri Muktedi Biemrillaha durmuşa çykarypdyr (Adalıoğlu H. İlk Selçuklu-Abbası İlişkileri. // Türkler. – Ankara, 2002, 4 cilt, – 662 s.). Halyf al-Muktadi Alp Arslanyň gyzy Seferiýýe hatyna we Mälik şanyň gyzyna öýlenipdir. Seljuklar bolsa, öz gezeginde, Abbasy halyfynyň gyzyny alyp, musulman dünýäsiniň gözüniň öňünde özleriniň dünýewi häkimligini hem-de türkleriň eýelän ýerlerine hukugyny kanuny berkitmäge çalşypdyrlar (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.230).
Alp Arslanyň döwründe türkmenleriň fatymileriň tabynlygynda bolan Palestina aralaşmagy başlanypdyr. Remläni we onuň töweregini eýelän türkmenler Kurly begiň baştutanlygynda Palestinada türkmen begligini esaslandyrypdyrlar (Kayhan H. Selçuklular–Fatımı Halifeliği İlişkileri // Türkler. – Ankara, 2002, 4 cilt, – 755-756 s.). 1070-nji ýylda gurlan bu beglik Beýik Seljuk döwletine tabyndy. 1071-nji ýylda Kurly beg aradan çykansoň, ýerine Atsyz beg geçipdir. Türk alymy A.Sewim Atsyz begiň seljuklaryň gelip çykan kynyk boýundandygyny kesgitleýär. Şeýlelikde, Siriýada we Palestinada fatymileriň hökümdarlygynyň soňuna çykylýar. Seljuklar 1074-nji ýylda Akkany öz tabynlygyna alýarlar (Sevim A. Suriye Selçuklu Melikliği // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 171 s.).
(Dowamy gazetimiziň indiki sanynda).
Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory,
taryh ylymlarynyň kandidaty.
Çeşme: “Biznes reklama” gazeti – 08.07.2024 ý. //
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/50/articles/155340