30/11/-0001
611
Afrika yklymyna uzan ýollar!
Günorta Afrika Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 11-nji maýynda ýola goýuldy. Häzirki wagtda hem iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar has-da ýygjamlaşdyrylýar. Dostlukly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar syýasy, ykdysady, nebit we gaz pudagyndaky döwletara gatnaşyklaryň düzümi giňeldilýär. Medeni we gumanitar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, hem-de ylym we bilim şol sanda lukmançylyk pudaklarynda işgärleri taýýarlamaklyga hem aýratyn gyzyklanma bildirilýär.
Günorta Afrika Respublikasy Afrika sebitiniň günorta böleginde ýerleşip, tutýan meýdany 1,2 million inedördül kilometr ilaty 60 million adamdan geçýär. Günorta Afrika Respublikasynda dürli halklaryň we etniki toparlaryň arasynda ulanylýan dilleriň aýratynlygy örän özboluşlydyr sebäbi olarda 11 sany dil ulanylýar. Günorta Afrika Respublikasy Federal Respublika bolup ýurduň kanunçylyk ulgamynda 1996-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýasy hereket edýär.
Ýurduň Kazyýet ulgamy roman-golland we iňlis hukugynyň ýörelgeleri esasynda döredilendir. Günorta Afrika Respublikasynda Konstitusion, Ýokary Apellýasion, Ýokary kazyýet we Magistratura kazyýetleri hereket edýär.
Günorta Afrika Respublikasy dünýäniň ähli döwletleri şol sanda Afrika döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplaýar. Günorta Afrika Respublikasy Birleşen Milletler Guramasynyň işjeň agzasy hasaplanýar we Birleşen Milletler Guramasynyň Afrika yklymyndaky parahatçylyk hereketlerine işjeň gatnaşýar.
Günorta Afrika Respublikasynyň ýene-de bir esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýurtda köp partiýaly ulgamyň hereket etmegidir. Ýurtda 20 sany syýasy partiýa hasaba alnandyr. Günorta Afrika Respublikasy Afrika yklymynda ykdysady gatnaşyklar babatynda iň ösen döwletleriň biri hasaplanylýar. Dünýä ülňülerine laýyklykda bu ýurduň jan başyna düşýän girdejisi ýokary görkezijilere eýedir. Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagtyndaky Botanika bagy we dag garbanyşhanasy UNESKO-nyň bütindünýä miras sanawyna girizilendigini hem aýratyn bellärliklidir.
Beggeldi GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI