Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Çäreler / Adam ekologiýasynyň hukuk esaslarynyň ylmy seminary geçirildi
    Adam ekologiýasynyň hukuk esaslarynyň ylmy seminary geçirildi surady
    30/11/-0001

    868

    Adam ekologiýasynyň hukuk esaslarynyň ylmy seminary geçirildi

    2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Adam ekologiýasynyň hukuk esaslary” ady bilen ylmy seminar geçirildi. Ylmy seminar Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň alyp barmagynda institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ylmy seminarda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary taýýarlan nutuklary bilen çykyş etdiler.
    Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ekologiýa syýasatyny bütin dünýä ykrar edýär. Ekologiýa abadançylygy – durnukly ösüş konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri. Durnukly ösüş maksatlarynda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Ýurdumyzda adamlaryň arasynda ekologik bilimleri giňden ýaýratmak, ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlar bilen ilaty habarly etmek, tebigaty goramagy wagyz-nesihat etmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Döwletimiziň Esasy Kanunynda her bir adamyň tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçlarynyň berkidilmegi olaryň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagynyň kepili bolup durýar. Ýurdumyzda ekologik bilime we terbiýä möhüm ähmiýet berilmegi ýaş nesliň bu ugurda sowatly, daşky gurşawy goramaga mynasyp goşandyny goşup biljek adamlar bolup ýetişmegi üçin döwlet tarapyndan ähli şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar.
    Ýurdumyzyň, sebitiň, bütin Ýer şarynyň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge degişli çäreleriň hatarynda Garagum sährasynyň merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini aýawly saklamak bilen baglanyşykly ählumumy meseleleriň çözgüdine oňyn goşant goşmaga ukyplydygyny görkezdi.
    Şeýle-de ylmy maslahatyň dowamynda ýaş nesilde ekologiýany goramak we tebigatyň arassalygyny geljekki nesillere ýetirmek hem-de parahatsöýüjilikli häsiýetleri kemala getirmegi bilen baglanyşykly edilen çykyşlar seminara gatnaşyjylarda ýakymly täsirini galdyrdy.

    Gülşat Çetiliýewa,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK surady

    04/06/2025

    GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ESERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara surady

    31/05/2025

    Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli dabara
    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    28/05/2025

    TÜRKMENISTANYŇ HUKUK GORAÝJY EDARALARYNYŇ IŞGÄRLERINIŇ GATNAŞMAGYNDA WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI