Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇINIŇ GATNAŞMAGYNDA UMUMY SAPAK GEÇIRILDI
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • Täsirli duşuşyk
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 9-njy oktýabr – Bütindünýä poçta güni
    9-njy oktýabr – Bütindünýä poçta güni surady
    30/11/-0001

    1607

    9-njy oktýabr – Bütindünýä poçta güni

    Bir wagtlar dünýäniň dürli künjeklerinde adamlar internet, sosial ulgamlar arkaly hat, habar (SMS - gysga habar hyzmaty) iberip we alyp bilmändirler. Öň häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri bolmadyk döwürde - internet, modem, sosial ulgamlar, hat iberjek adamlar poçta hyzmaty bilen habarlaşyp, jogap hatyna köp garaşypdyrlar. Bu hatlar bellenen salgylara pyýada, atda ýa-da welosipedde ýörite poçta kurýerleri arkaly gowşurylypdyr. Tehnikanyň ösmegi bilen şahsy kompýuter (HK), faks, e-poçta, sosial ulgamlar ýaly ýokary tehnologiýalar durmuşymyza girendigine garamazdan, gündelik durmuşymyzda poçta hyzmatlaryny häli-şindi ulanýarys. Häzirki wagtda döwrebap poçta gullugy ylmy we tehnologiki ösüşler (YTÖ) bilen deň gelýär. Dünýäde köp adamlar biri-birleri bilen aragatnaşygy saklamak üçin poçta hyzmatyndan peýdalanýarlar. Poçta gullugy bolsa gün geldigiçe kämilleşip, bize köp mümkinçilikleri hödürleýär. Şonuň üçin her ýyl Bütindünýä poçta güni bellenilýär. Bu bize poçta hyzmatlarynyň we işgärleriniň bahasyna ýetip bolmajak işine dogry düşünmäge hem-de baha bermäge mümkinçilik berýär.

    Taryhy maglumatlara ser salanymyzda, Bütindünýä poçta güni 1969-njy ýylyň 9-njy oktýabryndan bäri dünýä halklary tarapyndan giňden bellenilip başlanýar. Bu sene Ählumumy Poçta Bileleşiginiň (UPU) 1874-nji ýylda Şweýsariýanyň paýtagty Bern şäherinde işe başlan gününiň hormatyna bellenilýär. Ählumumy Poçta Bileleşigi (UPU) 1948-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agentligine öwrülýär. Bu günde dünýäniň birnäçe ýurtlarynda, esasan-da Ählumumy Poçta Bileleşigine girýän döwletlerde poçta bölümleri täze poçta önümlerini we hyzmatlaryny hödürlemek ýa-da gowulandyrmak üçin sergilerdir auksionlar ýaly gyzykly çäreler geçirilýär.

    Şeýle-de UPU Bütindünýä poçta güni mynasybetli her ýyl ýaşlar üçin halkara hat ýazmak boýunça ýaryş gurnaýar. Her ýyl bu ýaryşyň öz temasy bolýar. Mysal üçin, 2014-nji ýylda “Sazyň durmuşa edýän täsiri”, 2021-nji ýylda “Dikeldiş üçin innowasiýa” – diýip atlandyrylýar.

    Döwletýar ARÇAMYRADOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI surady

    03/01/2026

    BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
    Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili surady

    26/12/2025

    Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
    Halkara raýdaşlyk güni surady

    20/12/2025

    Halkara raýdaşlyk güni
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI