Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Halkara günler / 7-nji sentýabr “Gök Asman üçin arassa howa” güni
    7-nji sentýabr “Gök Asman üçin arassa howa” güni surady
    30/11/-0001

    1261

    7-nji sentýabr “Gök Asman üçin arassa howa” güni

    Adamzat hemişe sagdyn ýaşamagyň arzuwynda, çünki saglyk ynsana berlen peşgeşdir, bedeniň fiziki we ruhy güýçleriniň kadaly ýagdaýydyr. Meşhur alym Lukman Hekim “Eger çaň-tozan bolmadyk bolsa,adamlar müň ýaşardy” diýip belläpdir. Bu bolsa tebigatyň, arassa howanyň adamyň saglygy üçin möhümdigini ýene bir gezek tekrarlaýar.

    Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylyň 19-njy dekabrynda kabul eden 74/12 Rezolýusiýasyna laýyklyda 7-nji sentýabry halkara howa güni diýip yglan etmek we 2020-nji ýyldan başlap bu şanly senäni her ýyl belläp geçmek kararyna geldi.

    Arassa howa güni ähli derejelerde jemgyýetçiligiň habardarlygyny ýokarlandyrmak we ýurtlary howanyň hapalanmagyna garşy göreşmäge çagyrmak üçin yglan edildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy öz karary bilen arassa howanyň adamlaryň saglygy we gündelik durmuşy üçin iň çynlakaý howpdygyny aýtdy.

    Howanyň hiliniň ýokarlanmagy howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak boýunça edilýän tagallalar howanyň hiliniň ýokarlanmagyna sebäp bolup biler. Ýurdumyz arassa howa giňişligini berkarar etmek maksadyna eýerip, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw goramak maksatnamasy bolan ÝUNEP bilen hem özara işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Milletleriň dünýä bileleşiginiň daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly 4 sany global Konwensiýasy- Biologik dürlülik hakyndaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, Çölleşmäge garşy göreş hakyndaky, ozon gatlagyny weýran ediji jisimler hakyndaky Konwensiýalary hereket edýär. Bu konwensiýalaryň esasynda ýurdumyzda “Tebigaty goramak hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Howa giňişligini goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda” we başgada ençeme kanunlar kabul edilip, Watanymyzda arassa howa giňişligini üpjün etmek maksady bilen daşky gurşawy goramak işi döwlet ähmiýetli derejä göterildi.

    Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň işgärleriniň barlagy arassa howanyň adam ömrüni uzaldýandygyny ýüze çykardy. Halkara guramanyň maslahatlarynyň çäklerinde global derejede howanyň hapalanmagynyň öňüni almagyň adamlaryň ortaça ömrüni 2,2 ýyl artdyrjakdygy bellenilýär. Çikago uniwersitetiniň taýýarlan maglumatlarynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň standartlaryna gabat gelýän global üýtgeşme durmuşa geçirilende, Ýer ýüzündäki adamlaryň ählisine oňyn täsir etjekdigi bellenilýär. “Halkara arassa howa we gök asman güni” diýen täze şanly senäniň adyndaky “arassa howa” we “gök asman” sözleri hem ynsan saglygy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan düşünjäni aňladýar. Ýagny “arassa howa” sagdyn durmuşy, “gök asman” sözi bolsa parahat ýaşaýşy ýaşaýşy alamatlandyrýar. Bu baýramçylyk her bir ynsanyň saglygy babatda edilýän çäksiz tagallalaryň aýdyň subutnamasy bolup alamatlanýar.

    Beggeldi Gutlyýew,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY! surady

    01/06/2025

    TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni surady

    31/05/2025

    1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN  TURKMENISTAN surady

    30/05/2025

    INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI