2502
6-njy mart – Halkara diş lukmanlary güni
Halkara diş lukmanlary güni - her ýyl 6-njy martda dünýäniň köp ýurtlarynda diş lukmanlarynyň hünär baýramçylygy hökmünde bellenilýär. Bu hünär baýramçylygynyň bellenilmegine bu ugurda oýlap tapylan öňdebaryjy işler sebäp boldy.
1790-njy ýylda Waşington şäheriniň diş lukmany we Jorj Waşingtonyň şahsy diş lukmany Jon Grinwud diş boruny (diş bejermekde ulanylýan polat buraw) oýlap tapdy. Soňra diş pastasynyň hem-de diş çotgasynyň oýlanyp tapylmagy bu ugurdaky görnükli işler boldy.
Halkara diş lukmanlary güni ilki bilen diňe ABŞ-da milli hünär baýramçylygy hökmünde bellenilýärdi. Soňra Demirgazyk Amerikada giňden ýaýrady. Bu baýramçylygy Amerika yklymynyň daşynda ilkinji bolup bellän ýurt Hindistan boldy.
Diş lukmançylygy dünýä medisinasynda iň gadymy pudaklaryň biridir.
Maksat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet
žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby.
Soňky täzelikler
22/04/2026
ENE ÝER — UMUMY ÖÝÜMIZ WE MUKADDESLIGIMIZ
11/04/2026
12-NJI APREL – KOSMONAWTIKA GÜNI
30/03/2026
Galyndysyz durmuşyň bütindünýä güni